Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Täze desganyň açylyş dabarasy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Bedew bady bilen öňe barýar. Ahalteke atçylyk Assosiasiýasy dünýäde barha şan-şöhrat gazanýar, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda atçylyga uly üns berilýär.

“Ertir turda ataňy gör, ataňdan soň atyňy ” diýen ata-baba paýhasyna eýýlenen jümleleriň zamanamyza şan berip, bedewlerimize şeýle uly hormat goýulmagy, ähli welaýatlarda we Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, Arkadag şäherinde atçylyk Akademiýasynyň açylmagy, paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk Assosiasiýasynyň hereket etmegi bedewlerimize ata Watanymyzda nähili söýgi, hormat bilen garalýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Ynha, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 29-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmaklarynda Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 (bir müň iki ýüz) orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Toplumda ahalteke bedewlerini ýylyň ähli paslynda saklamak, ösdürip ýetişdirmek we tohumçylyk işlerini ylmy esasda alyp barmak üçin şertler döredildi. Bu ýerde  atlaryň tohumçylyk aýratynlyklaryny, saglyk ýagdaýyny we beden gurluşyny öwrenmäge niýetlenen barlaghanalar hereket edýär. Toplumda bedewleriň arassa ganlylygy saklamak we atlaryň baş sanyny artdyrmak üçin aýratyn bina hem guruldy.

Mundan başga-da, toplumyň sport böleginde açyk we ýapyk manežler, çapuw ýodalary, tomaşaçylar üçin münberler, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigini geçirmek üçin meýdança, athanalar hem-de atlary suwda türgenleşdirmek üçin enjamlaşdyrylan desga bar. Şeýle hem toplumda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan bezegler bilen enjamlaşdyrylan fotostudiýa hem bar.

Toplumyň çäginde atlar üçin ot-iým taýýarlamak maksady bilen alma, käşir we ýorunja ösdürilip ýetişdirilip, gyş üçin ot-iým saklamaga niýetlenen ammarlaryň hem gurluşygy tamamlandy. Şeýle hem topluma barýan ýol doly döwrebaplaşdyrylyp, täze yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edildi.

Goý, Ahalteke bedewlerimiziň at-abraýyny arşa çykaryp, aýlawlary baglaýan atlary ýetişdirmek üçin, atlarymyzyň tohum arassalygyny saklap, geljekki nesillere ýetirmek üçin uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň

esasy hünärmeni Marýam Ibadullaýewa