Hormatly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz il-ýurt bähbitli, giň gerimli özgertmeleriň, uly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen belent maksatlara tarap ynamly öňe barýar. Hormatly Gahryman Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyzyň gülläp ösüşi, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler Türkmenistanyň abadan we eşretli geljege barýan ýeňişli ýolunyň ygtybarly esaslarynyň bardygyny tutuş dünýä ýüzüne aýan etdi.
Bagtyýar geljegimiz bolan ýaşlara döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, dürli hünärleri öwretmek, ylma we döredijilige ugrukdyrmak, geljegimiz bolan ýaş nesliň sagdyn ösmegini gazanmak, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuna ýugrulan durmuş ýörelgelerini, asylly milli däplerimizi mynasyp dowam etdirmek Hormatly Gahryman Prezidentimiziň ýaşlar baradaky syýasatynyň özenini düzýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze taryhy eýýamda döwletimiziň geljegi bolan ýaşlara aýratyn üns berip, uly ynam bildirmegi, “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bagtyýar ýaşlarymyz üçin ösüşiň we kämilligiň täze mümkinçiliklerini açýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy diýlip ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasydyr.
2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň tamamlanýan günlerinde Hormatly Gahryman Prezidentimiz halkymyza jöwher zehininden çykan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji ajaýyp kitabyny sowgat etdi.
Hormatly Gahryman Prezidentimiz bu kitabyň üsti bilen ýaş nesillere, halka, Watana hyzmat etmegiň belent nusgasyny, jemgyýetde şahsyýet bolup ýetişmegiň ýol-ýörelgesini salgy berýär. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly şygary bilen geçen 2023-nji ýylda syýasy we ykdysady ugurlarda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine tarap döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyzyň medeni we ruhy durmuşynda gazanylan uly üstünlikler ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Hormatly Gahryman Prezidentimiziň ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuşyny, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerini beýan edip ýazan bu ilkinji eseri çuňňur many-mazmuna eýe bolmak bilen, “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýaşlarymyzyň ruhy ýörelgesine öwrüler. Şonuň bilen bir wagtda “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ajaýyp eser ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna, eziz Watanymyzyň halkara giňişligindäki at-abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan beýik işlere öz goşantlaryny goşýan ýaşlarymyz üçin uly gollanma bolar.
Türkmen halky uzak taryhy döwürlerden bäri nesilleriň beden we ruhy sagdynlygyna, maşgala däplerine, edep-terbiýä we zähmete uly ähmiýet berip gelýär. Paýhasly ata-babalarymyz bu mukaddes ýörelgeleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, nesillerden nesillere geçirip gelipdirler. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Gahryman Prezidentimiziň döredijilikli, ynsanperwer başlangyçlarynyň netijesinde köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýan agzybirligimiziň, maşgala we terbiýe mekdebiniň binýadyna öwrülen milli ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Gadymy döwürlerden gözbaş alýan ajaýyp milli ýörelgelerimizi giňden dabaralandyrmak, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ýaşlaryň esasy maksady bolmalydyr.
Ýaşlara uly ynam bildirýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolmagyny, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy Batyr Adylow