“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda badalga alan 2026-2027-nji täze okuw ýyly uly dabaralara beslendi. Üstümizdäki ýylyň 1-nji sentýabry Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Aşgabat şäherinde Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen Türkmen döwlet Gurluşyk we binagärlik instituty, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň açylmagy, ýerlerde täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň açylmagy, baýramçylyk gününde ähli bilim ojaklarynda täze okuw ýylyna badalga berilmegi buýsanjymyza – buýsanç goşdy. Täze okuw ýylynda ilkinji synpa okuwa kabul edilen okuwçylara Hormatly Prezidentimiziň şa sowgady “Bilim” atly noutbuk kompýuterlaryň 60 müňden gowragynyň gowşurylmagy, ol kompýuterlaryň öz ýurdumyzda öndürilip başlanmagy hem-de buýsanjyňa – buýsanç goşýan üstünlikdir, sanly ulgamy ösdürmäge edilen ýene bir täze ädimdir.
2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar we professor mugallymlar bilen geçiren okuw sapagy täsirliligi bilen her bir ösüp gelýän ýaş nesillerimiz bilen deň hatarda biziň ählimiziň kalbymyza ruhybelentlik eçildi.
Gahryman Arkadagymyz okuw sapagynda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň içinde ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, şol işleri durmuşa geçirmekde gabat gelen kynçylyklar hakynda täsirli, many – mazmuna eýlenen öwüt-ündewlerini berdi. Milli Liderimiz türkmen Bitaraplygy hakda giňişleýin durup geçmek bilen Bitaraplyk hukuk derejämiziň nähili derejede biz üçinem, sebit, dünýä halklary üçinem gymmatlydygyny, ata Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň BMG-sy tarapyndan 3 gezek ykrar edilendigini buýsanç bilen belläp geçdi. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyz 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-nyň Öňüni alyş diplomatiýasynyň döredilendigini, bu merkeziň şu güne çenli sebitde ýaşaýan halklaryň agzybirligini berkitmekde goşan goşantlaryny nygtamak bilen 2007-nji ýylda bu guramanyň döredilmeginiň 20 ýyllyk toýuny dünýä derejesinde bellenilip geçiriljekdigini belläp geçdi.
Gahryman Arkadagymyzyň okuw maslahatynyň ikinji bölümi edep-terbiýe, türkmen tapgyryny galkyndyrmakda, söýmekde, dünýä ýaýmakda aýratyn işleri bitiren döwlet baştutanlary, ýazyjy şahyrlar, belli şahsyýetler barada durup geçmek bilen ata Watanymyzy beýgeltýändigini nygtap, tymsallara ýüzlenip düşündiriş berdi. Milli Liderimiz Oguznamalar, Gorkut ata, Görogly, Şasenem – Garyp ýaly biziň ýüreklerimize teselle berip, ruhy güýç berýän onlarça kitaplaryň adyny aýdyp, ýaşlary köp kitap okamaklyga çagyryp “Kitap okamadyk gözüniň ýetenini görer, kitap okaýan dünýäni görer” diýip ýaşlara atalyk öwütlerini berdi. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň akyl-paýhasyndan kemala gelen şeýle ýürekleri perwana getirýän jümleler her bir ynsana ruhy güýç paýlaýar.
Milli Liderimiz okuw sapagynda edebiň başynyň salamdan başlanýandygyny belläp nurana ýüzli ynsanyň salamynyň adamlara şatlyk, ruhybelentlik paýlaýandygyny belläp geçdi. Dogrudanam salam berilende-de, salam alynanda-da ynsanlaryň ýüzünde şatlyk alamaty püre-pür bolsa göwünler guş bolup göge göterilýär, lapy keç adamyň salamyda, salamyny alyşyda sen ol adamy ýakyndan tanamaýan bolsaňam saňada täsiri ýetýär.
Gahryman Arkadagymyz okuw sapagynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe döwlet bilen döwletdir” diýen baş şygarymyz esasynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler barada giňişleýin durup geçdi. Şol pursat Gahryman Arkadagymyz ýaşlara internet hyzmatlaryndan peýdalananlarynda, sanly ulgam bilen işlänlerinde milliligimiziň çäginde hereket etmegi, türkmençilige sygmaýan saýtlardan, programmalardan daşda durmagy, diňe gözýetimini, aň-düşünjesini ösdürmäge peýda getirjek ugurlara ýykgyn etmeklerini ündäp özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň okuw maslahaty bize ata Watany gözümiziň göreji ýaly söýmäge, agzybirligimizi has berkitmäge ynsanperwer gatnaşyklarymyzy kämilleşdirmäge ruhlandyran mekdebe öwrüldi.
2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar we professor mugallymlar bilen geçiren okuw sapagyny wagyz etmek maksatly ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şu günler tegelek stoluň başynda söhbetdeşlikler, wagyz-nesihat duşuşyklary, maslahatlar we wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
Şeýle maslahatlary biri-de ýakynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Türkmenabat şäher komitetleriniň we Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniňbilelikde gurnamaklarynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň mejlisler zalynda “Bize ruhy güýç berýär – Arkadagyň pähimleri” atly şygar astynda geçirildi.
Maslahata Agrar partiýanyň işjeň agzalary we Türkmenabat şäher komitetleriniň we Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary işjeň gatnaşdylar we buýsançly çykyş etdiler.
Çykyş edenler 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň geçiren okuw sapagy barada hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň içinde ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada buýsançly aýdyp geçdiler.
Çykyşlaryň soňlarynda ýaşlara okamana, döretmäne, zähmet çekmäne hem-de halkymyzy ösüşiň ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri, döwletli başlangyçlary rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri
Bagtyýar Derkarow