Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Tebigaty goramak belent maksat.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň  tebigatyny,  daşky  gurşawy  goramak  ulgamynda  uly  işler,  şeýle-de  halkara  guramalar  bilen  işjeň  hyzmatdaşlyk  alnyp    barylýar.  Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen daşky gurşawy goramak, tebigatymyza aýawly çemeleşmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzda ekologiýa, daşky gurşawy goramak babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ähli zerur işler yzygiderli  amala aşyrylýar. Döwletimiz tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýeti bolan daşky gurşawy goramagyň wajyp meselleriniň  çözgüdine  uly  goşant goşup gelýär. Olaryň ählisiniň  Birleşen  Milletler  Guramasy  tarapyndan  oňyn goldawa eýe bolup, eýýäm öz netijesini berýändigi has-da guwandyryjydyr. Şoňa laýyklykda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa, kämil tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, umuman,  ekologiýa  howpsuzlygyny  üpjün  etmek döwlet  syýasatynyň  möhüm  ugurlarynyň  birine  öwrüldi.  Şeýle hem bu ugurda täze kanunlar taýýarlanylýar, hereket edýän kanunlar  döwrüň  talabyna  laýyklykda  kämilleşdirilýär. Olardan “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ösümlikleri goramak hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryny, kanunçylyk namalarynyň birnäçesini  görkezmek  bolar.  Ekologiýa  abadançylygy  howanyň  arassalygyny  üpjün etmegi, şäherleri  gurşap  alýan  gök  zolaklary ösdürmegi, suw, ýer we tokaý serişdeleriniň berk goragyny döretmegi, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini   gorap   saklamagy  öz  içine  alýar.

Döwletimiz  howanyň  üýtgemegi, ýer we suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreş, Hazar deňiziniň gurşawynyň arassalygyny, biologik dürlüligini saklamak babatynda hem birnäçe işler durmuşa geçirýär. Müňlerçe ýyllardan bäri, adamzat tebigatyň eçilen baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, onuň bilen sazlaşykly gatnaşyk saklamaga çalşyp gelýär. Şol ýörelge häzirki wagtda hem üstünlikli amal edilýär. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen indi her ýyl ýurdumyz boýunça millionlarça bag nahallary oturdylýar. Sanlyja ýyllaryň dowamynda ekilip, idedilip, boý alýan tokaý zolaklary bu gün oba şäherlerimiziň daş-töweregini, şäherara ýokary tizlikli ýollarymyzyň gyralaryny bezeýär. Bu bolsa bagtyýar durmuşymyzyň  gadyr-gymmatyny atdyrýar. Ýaşyl öwsüp oturan baglary göreniňde gözleriň nurlanyp, kalbyňda beýik şahyrymyzyň “Kimde kim bir agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar” diýen goşgy setirleri ýadyňa düşýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Türkmen topragynyň gözelligini geljekki nesiller üçin aýap saklamak, Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün etmek her bir Türkmenistanlynyň borjudyr” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, türkmen topragynyň gözel tebigatyny geljekki nesiller üçin aýap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek, gülläp ösüşini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan beýik işlere öz goşandymyzy goşmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr!

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gurbangül Baýramkulyýewa