Welaýat oba hyzmat önümçilik birleşiginiň we etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň tehnikalary oba hojalyk işleriniň ählisinde daýhanlaryň iň ýakyn daýanjy bolýarlar. Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren tehnikalary ekiş geçirmekden, tä hasyl ýygnalýança ähli möwsümleýin meýdan işlerini ýokary hilli talabalaýyk geçirilmeginde uly goşandynyň bardygyny bellemek gerek. Munuň özi babadaýhanlaryň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl öndürmekligine uly mümkinçilik berýär. Şu günleri öňde duran möhüm oba hojalyk möwsümi bolan güýzlik bugdaý ekişine taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde etrap tähniki hyzmat ediş kärhanalarynda degişli işler alnyp barylýar. Ekişe gatnaşmagy göz öňünde tutylan tehnikalar olaryň tirkeg gurallary abatlanýar. Bu iş welaýatymyzyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda has-da guramaçylykly barýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň güýzlik bugdaý ekişi möwsüminde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň dürli kysymly tehnikalarynyň çizil sürümde 62-si, ekiji tehnikalaryň 58-si, John Deere 23-si we beýleki gurallaryň hem onlarçasynyň güýjinden peýdalanmak göz öňünde tutylýar. Bu tehnikalara, gurallara kärhananyň kebşirleýji, ýonujy, abatlaýjy ussalar tarapyndan zerur bolan tehniki hyzmatlar görkezilýär. Ezber elli ussalardan Gökjäýew Maksat, Hudaýberdiýew Gumman dagylary görkezmek bolar. Olar özlerine berkidilen işleri ýokary hil derejesinde berjaý edip, her bir güni ýokary iş netijeleri bilen jemleýärler. Şeýle hem kärhana tarapyndan göçme abatlaýjy toparlary döredilip, kepşirleýji enjamlar, tejribeli ussalar, ýangyç guýyjy tehnikalar bilen üpjin edilmegi göz öňünde tutylýar. Bu topar agzalary ekiş möwsüminde iş üstinde tehikalara zerur tehniki hyzmatlary görkezer. Möwsümine ähli taraplaýyn ykjam taýýarlyk görülmegi, güýzlik bugdaý ekişiniň bellenen wagtda geçirilmegine uly mümkinçilik berer.
Çynar Berdikulyýewa. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni.