Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Boldumsaz etrabynda hem ýerleri ýaz ekişine taýarlamak işleri giň gerimde dowam etdirilýär. Etrabyň daýhan birleşiklerinde hem-de daýhan hojalyklarynda şu günler taýarlyk işleriň çäklerinde sürüm geçirilen ýerlerde tekizlemek, çil çekmek işleri bilen bir hatarda,ekin ekiljek meýdanlary ýerli we mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri öndürjilikli dowam edýär.
Şu ýyl “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýylynda etrabymyzyň “ak altyn” ussatlary 20200 gektar meýdanda gowaça ekmegi meýileşdirýärler. Oba hojalygynda, esasan-da, pagtaçylyk pudagynda agrotehniki işler ykjam taýýarlygy talap edýär. Kärhanamyzda zähmet çekýän her bir mehanizator, işçi hünärmen muňa öňat düşünýär. Barha golaýlaýan ýaz ekişine dürli kysymly traktorlaryň 198-sini, ekijileriň hem şonçasyny taýarlamak işlerini alyp barýarys. Daýhan hemişe tehnika daýanýar. Traktorlaryň we ekijileriň gurat bolmagy bu möhüm agrotehiki işiň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegini üpjün eder, diýip etrap Obahyzmat önümçilik birleşiginiň ýolbaşçysy Täzebaý Saparow gürrüň berdi.
Rejepow Jumamyrat Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni.