“Türkmen diliniň düşündirişli” sözlüginde “tir” sözüniň üç sany manysy dogrusynda düşündiriş berilýär. Şondan mälim bolşuna göra bu söz ýaýyň okuny, nyşana ok atyp, türgenleşilýän ýeri, şeýle hem dänäni öwsüp arassalamak üçin ulanylýan, elege meňzeş, ýöne aşagy bütewi gaby aňladýar. Onuň soňky manysynyň öwser görnüşinde hem gelýändigi bellenilýär
Tir öňki döwürde gallany arassalamakda giňden ulanylan hojalyk gurallarynyň biri. Öňki döwürde tirler edil oklaw, kepgir ýaly her bir öýde ulanylýan hojalyk esbaplarynyň biri bolup, ol diňe bir harman döwründe däl,eýsem gündelik ulanylypdyr. Harmanda sowrulyp, atylyp, elenip, gaba guýlan galla öýe gelensoň, degirmene guýulmazdan öň hökman tirde elden geçirilipdir.
Tir şalyny gaýtadan işlemekde esasy gural hasaplanylypdyr. Sebbi häzirki ýaly şalyny gaýtadan işleýän kämil tehnologiýanyň ýok döwründe şalydan tüwi almak üçin ony ýargyjakda üwäpdirler, ýogsamak sokuda döwüpdirler. Ýargyjakda üwelen, sokuda döwlen şalynyň tüwüsini, ýarmasyny, harpygyny, kepegini biri-birinden tirde öwsüp, öwrüp, ekjip saýalapdyrlar. Tirde şaly, bugdaý öwsülende, onuň harpygy bir tarapa çykypdyr. Öwrülende bolsa, tirdäki iri çöpler, döwülmän galan şalylar tiriň ortasyna üýşüpdir. Ekjimek arkaly bolsa tüwiniň ýarmasy saýlanylypdyr. Tirde öň işläp görmedik adam bu zatlar birbada kyn düşüpdir. Onuň üçin elini tire endiketdirmeli bolupdyr.
Ýokarda aýdyşymyz ýaly tir elegiň aşagy bütewi görnüşi. Käte elekdir tir orununa bir gabyn ulanylýan ýagdaýlary hem bolupdyr. Şonda elegiň gözenegi aýryp, aşagyna teri tutupdyrlar.
Geçen asyryň ortalarynda tirler kämilleşdirilip, onuň aşagyny ýuka tagta bilen gaplanylypdyr. Ondan öň onuň aşagy deri bilen gaplanylypdyr. Munuň “Görogly” eposynda duşýan “Hemişeki galandarlarmyka diyip, ýyrtyk tirde bir gysym dary çykaryp berdiler” diýen sözlende hem görmek bolýar.
Tirleriň durmuş hajatlary üçin ulanylşy barha azlýar. Tirler oba ýerlerinde künji, mäş, günebakar ýaly galla ekinlerini arassalamak üçin häzirem ulanylýar.
Maýsa Öwezowa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni