Ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işleri Köneürgenç etrabynda hem barha giň gerime eýe bolýar. Kärendeçi daýhanlary ýeterlik mukdarda tohumluk pagta çigidi bilen üpjin etmek hem möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda pagta arassalaýjy kärhanada alnyp barylýan işler aýratyn bellenmäge mynasyp. Bu kärhana 2014-nji ýylda açylyp ulanmaga berildi. Ençeme ýyldan bäri hereket edýän kärhana her ýyly kärendeçileri ýeterlik mukdarda tuhumlyk gowaça çigidi bilen üpjin etmekde ýokary netijeleri gazanýar. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda hem kärhana “Gubadag-3”, “Jeýhun”, “S-4727”, “Daşoguz-114” ýaly sortlaryndan 2397 tonna tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Kärhana daşary ýurtlaryň ösen tehnalogik enjamlary ornaşdyrylyp, bu ýerde zähmet çekýän işçi hünärmenler bu enjamlara başarjaňlyk bilen erk edýärler. Bu ýerde işler üç çalşykda alnyp barylýar. Kärhanada hereket edýän labaratoriýa tohumluk gowaça çigidiniň hil derejesini kesgitleýär. Göreldeli işgärlerden Ejebaý Gurbanowa, Güljemal Kurbankulyýewa, Arazmyrat Iskenderow, Baýramgeldi Ilamanow, dagylary aýtmak bolar. Ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy meýilnamada bellenen tohumluk gowaça çigidini öz wagtynda ýokary hilli taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar HOJAHMETOWA