“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Tejen etraby boýunça 30.1 müň gektar meýdanda gowaça ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär.
Tejen etrabynyň çäginde pagta arassalaýjy kärhanalaryň ikisi bolup, olaryň ikisinde hem tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak işine uly ähmiýet berilýär. Tejen etrabynyň Altyn asyr pagta arassalaýjy kärhanasynda ýazky ekiş üçin şu güne çenli Ýolöten-39 görnüşli gowaça çigidiniň tohumynyň 644 tonnasy taýýarlanyldy.
Tejen şäherindäki pagta arassalaýjy kärhanasynda hem şu güne çenli Ýolöten-39 görnüşli gowaça çigidiniň 1506 tonnasy taýýarlanyldy.
Bu kärhanalarda tohumlyk çigit taýýarlamagyň abyny tabyny kemsiz ele alan hünärmenler hasaplanýan Öwezgylyjow Ýazgylyç, Gurbanow Hemra, Şajaýew Tirkiş, Şadurdyýew Bäşim, Geldimyradow Batyr, Isgenderow Berdimyrat dagylar zähmet çekýärler.
Şu günler taýýarlanan gowaça çigidini arassalamak we hilini barlamak işleri alnyp barylýar.
Bu kärhanalarda tohumluk pagtany gaýtadan işlemek, alnan tohumy arassalamak, hilini anyklamak zyýanly mör-möjeklere garşy dermanlamak, haltalara gaplamak, saklamak işleri ýörite hünärmenleriň gözegçiliginde alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň başlygy Annamuhammet Ataliýew