Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagalallary netijesinde ýurdumyzda hususyýetçiligi, telekeçiligi ösdürmäge, önümçiligi ýokarlandyrmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Döredilip berilýän şeýle uly mümkinçiliklerden peýdalanyp, Dänew etrabynyň Maý geňeşliginde “Bereketli jaý” hususy kärhanasy hereket edip onuň tutýan jemi meýdany 1.90 gektar bolup ondan 1.5 gektar bolup 0.40 gektar ýertudana ekilen bu hususy kärhananyň müdiri Nepes Jumaýew ýolbaşçylyk edip, bu ýerde jemi 15 sany işgär zähmet çekýär. Garaşsyz baky Bitarap ajaýyp döwletimizde hereket edýän “Bereketli jaý” hususy kärhanasy ýylyň ähli paslynda dürli gök we bakja açyk we ýapyk şertlerde ýokary hasyl alýarlar. Bu ýyladyşhana şertinde ösdürilip ýetişdirilen ýertudananyň miwesi gyşyň-ýazyň biziň ak bazarlarymyzy toý saçaklarymyza bezeg berýär. Ýertudana bägüller maşgalasynyň ýertudana urugyna degişlidir. Bu urugda ýertudananyň 30 görnüşi degişli. Ýabany ýagdaýlarda olaryň 6 sany görnüşi duş gelýär. Ýertudananyň 2000 den gowrak sorty döredilipdir. Oňa başgaça klubnika hem diýilýär. Ýertudana köpýyllyk otjumak ösümlik. Onuň görnüşini özgerden baldaklary, murtlary bolýar. Baldaklary ýere ýazylyp ösýär. Dünýäde ýertudananyň ananas görnüşi önümçilik şertlerinde köp ösdürülip ýetişdirilýär. Ondan ýylda 3-4 tonna çenli hasyl alyp bolýar. Ýertudananyň bir iýmişiniň ortaça agramy 6-10 gram bolýar. Bu ýygymda bir ösümlik 30-38 grama çenli hasyl bolýar. Miweleri 20-25 günden yzygiderli ýetişip durýar. Oturdylandan soň 1-2 ýylyň dowamynda gektardan 80-200 sentnere çenli hasyl bolýar. Soň iýmişleri ownap başlaýar. Ýertudana çyglylygy söýýän ösümlik. Şonuň üçin ýyladyşhanada 80 göterim çyglylyk derejesi saklanmaly. Ösümlikleriň gowy hasyl getirmegi üçin olara bor kislotasynyň ergini pürkülýär. Ýyladyşhana şertlerinde 2 hepdeden 1 gezek goşmaça iýmitlendirilýär. Goşmaça iýmitlendirmek üçin ergin taýýarlananda 10 litr suwa 10 gram hlory kaliý, 80 gram ammiak selitrasy goşulyp, her bir ösümlige 500 millilitr berilýär. Şol döwürde ösümligiň artykmaç ýapraklaryny, murtjagazlaryny gaýçy bilen kesip aýyrmaly. Ösümlik gunçalaryny, miwelerini emele getirýän döwri onuň kaliý dökünine bolan talaby ýokarlanýar. Bu döwür ona guş dersini we kaliý sulfatyny bermeli bolýar. Bir ösüş döwründe hasyl ýygnalyp alnandan soň, indiki ýylyň hasylynyň gowy bolmagy üçin ösümlikleri karbamid bilen iýmitlendirmeli. Şol bir ekilen ýerinde ýertudana 3-4 ýyl saklanýar we gowy ideg edilende ýokary hasyl berýär. Miwesi iýmiş gül ýatagynda emele gelýär. Miweleri ýakymly ysly, turşumtyk süýji tagamly. Ösümlik ýere ýazylyp ösýän baldak bogunlaryndan, murtjagazlaryndan kök urup köpelýär. Ýertudanany köpeltmek üçin onuň 2-3 ýyllyk iň uzyn baldaklary we murtjagazlary saýlanyp alynýar. Ýere gatnaşandan soň baldaklarynyň bogunlaryndan, murtjagazlaryndan kök çykyp, täze ösümlige başlangyç berýär. Köküni daşyndaky topragy bilen köwläp alyp, ýörite taýýarlanan ýere göçürip, köpeldip bolýar. Ösümlik oturdylandan soň çukurjygyň açyk galan ýere toprak bilen gömülip, dykyzlandyrylýar. Ýertudana ekilende iki ösümligiň arasy 30 santimetr edilip goýulýar we onuň her bir ösümligi bir çukurjyga ekilýär. Osümlikleriň gowy düýp tutup gitmegi üçin olaryň iň uzyn köküniň ujy çalaja çyrpylýar, 3-4 sany iri ýapraklary galdyrylyp, aýrylýar. Ekilende ösümligiň kök boýunjygyna toprak bilen deň derejede bolmaly. Guran, garalan ýapraklary aýrylyp durulýar hem-de wagtly-wagtynda suwarylýar. Ösümlik ýyladyşhanada ösdürip ýetişdirmek üçin hem remontant ýa-da çyrmaşýan sortlary saýlap almaly. Remontant sortlara Selwa, Albion ýaly sortlar degişlidir. Sebäbi bu sortlar bir ösüş döwründe birnäçe gezek hasyl bermäge ukyply bolýar. Ýertudana ýagtylygy, ýylylygy söýüji ösümlik. Ol ýyladyşhanada ekilende ilki başda gündiz +8, gije +4 gradus ýylylyk temperaturany saklamaly. Soň kem-kemden ýylylygyň derejesine gündiz +14, gije +11 gradusa çenli ýokarlandyrmaly. Ösümlik gülländen soň temperatura +23 gradusa çenli ýokarlandyrylýar. Ilkinji miweler görnüp ugrandan soň temperaturanyň derejesi peseldilýär. Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işgärleri bolup, her bir zähmet çekýän işgäriň, daýhanyň ýanyna baryp, olaryň bu alyp barýan kärlerinde üstünlik arzuw edip. Her birini Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň adyndan höweslendiriji sowgatlar bilen höweslendirýäris.Bize işlemäge şeýle mümkinçilikleri döredip berýän, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydamma rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň esasy hünärmeni Dilraba Şaýmerdanowa