Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda arzyly maksatlaryň hasyl bolýan, uly sepgitlere ýetilýän ajaýyp zamanada ”Pähim paýhas ummany Magtymguly pyragy” ýylynda hem – Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwrunde Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mälim bolşy ýaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly biziň Boldumsaz etrabymyzyň etrap häkimligi, oba hojalyga degişli edara kärhanalar, medeniýet bölümi, Bilim bölümi we jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň gurnamagynda ,,TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ MEDENI PAÝTAGTY” atly wagyz-nesihat ýygnagy bolup geçdi.
Bu dabaraly maslahatdaTürkmenistanyň Il ýaşulysy Samaýew Çäşembaý, Türkmenistanyň mejlisiniň deputaty Känjanow Atamyrat,Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy Öwez Paltabaýew hünärmeni Rejepow Jumamyrat, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Boldumsaz etrap geňeşiniň başlygy Çary Kakabaýew hünärmenleri Parahat Sabyrow, Çary Saparow dagylar çykyşlarynda, ,,Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly taze kitabynda taryhymyzyň gadymylygynyň we baý medeni mirasynyň görkezijisi we taryhy ýazuw çeşmeleri, arhiologiýa, etnografiýa, edebiýat, giografiýa ýaly ylymlarynyň maglumatlarynyň halk hakydasynda orun alan rowaýatlar bilen utgaşdyrylyp beýan edilmegi eseriň ähmeýtini hasda artdyrýar. ,,Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” kitabynda many-mazmunynyň bardygyny bellenilip awtoryň millilik, ýaşlary milli däp-dessurlarymyza, asylly ýörelgelerimize eýermäge, olara sarpa goýmaga çagyrmak baradaky pikir garaýyşlary özüne jemleýän ruhy hazynanyň tutuş halkymyz we dünýä jemgyýetçiligi üçin taryhy ähmiýeti gollanma bolup durýandygyny nygtady. Eseri okamak bilen okyjylaryň türkmen halkymyzyň geçmişi, pederlerimizden miras galan parahatçylyk söýüjilik, ýörelgeleri barada gyzykly maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik aljakdyklary barada uly buýsanç bilen aýdyldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda ,,Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän köpugrly çäreleriň öňsyrasynda neşr edilmeginiň, Änew medeniýetine degişli taryhy ýadigärlileri, olarda alnyp barylýan gazuw agtaryş işlerini, ýüze çykarylan tapyndylary beýan edýän fotosuratlaryň ýerleşdirilmeginiň onuň täsirliligini hasda artdyrýandygyny bellediler. Şeýle-de çykyş edenler bu gymmatly kitaplaryň halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetini has baýdygyny türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, ugur adatlaryny, kadalaryny çuňňur öwrenmäge ýardam edýändigini nygtadylar. Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň durmuşunda bolup geçýän ajaýyp pursatlara sazlaşykly peşgeş eden bu gymmatly eseri üçin tüýs ýürekden sagbolsunlar aýdylyp, milli liderimiziň ylham daragtynyň mundan-da belent miwesiniň bereketli bolmgyny arzuw etdiler
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy Jumakow Ýusup