Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň gözbaşyny ençeme ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halysy, ahalteke bedewi, gazma dutary, ak öýi ýaly ençeme milli gymmatlyklaryna aýratyn hormat goýulýar. Şol gymmatlyklaryň hatarynda türkmeniň milli buýsanjy, gaýduwsyz hem wepaly dosty bolan Türkmen alabaýy aýratyn orun eýeleýär. Alabaý adaty bir jandar bolman, eýsem, ol halkymyzyň taryhynyň, medeniýetiniň, urp-adatlarynyň, edim-gylymlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak we şan-şöhratyny dünýä ýaýmak barada döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Şeýle-de, alabaýyň aýratynlyklary baradaky ylmy-barlag işleriniň alnyp barylmagy, onuň döreýiş we ösüş taryhyny, nesil aýratynlyklaryny, tebigy özboluşlylygyny ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilik berýär.
Türkmen alabaýy müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen gadymy hem naýbaşy itleriň tohumyndandyr. Alymlaryň we zoologlaryň berýän maglumatlaryna görä, türkmen alabaýynyň taryhy azyndan 4000–6000 ýyl mundan ozal başlanypdyr. Bu gymmatlyk ata-babalarymyzyň gündelik durmuşynda, maldarçylyk işlerinde, mukaddes ojagynyň goragynda wepaly hyzmat edip gelipdir. Alabaýlaryň aýratyn ukyplary, güýç-kuwwaty, paýhaslylygy, ygrarlylygy, goragçylyk häsiýetleri olaryň diňe bir maldarçylyk bilen baglanyşykly işlerde däl, eýsem, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş pelsepesinde-de aýrylmaz bölegi bolupdyr. Pederlerimiziň alabaý itlerimiziň öý-ojagyny goramakda hüşgärligini, saklygyny subut edýän “Gara görmän, it üýrmez” diýen nakyly döreden bolsa, onuň her ýetene azar bermeýändigini, ýagşy-ýamany tanaýandygyna ünsi çekip, “Goňşy iti goňşa üýrmez” diýen nakyly nesilden-nesile geçirip gelipdir. Şeýle hem “Gurt gören itiň agzy bir bolar”, “It aryklygyny (ýadawlygyny) gurda bildirmez”, “It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy” diýen nakyllar arkaly, alabaý itleriniň sürä gelegurt, ýagny möjek sürüsi aralaşanda, olara garşy düşübilik bilen agzybirlikde, gaýduwsyzlykda berk gaýtawul berip, çopanlara goldaw berýändiklerini nygtapdyrlar. Alabaý itlerimiziň düşbüligi, duýgurlygy barada “Igençli närsäni it iýmez” diýen nakyl hem ýörgünli bolupdyr. Ata-babalarymyz alabaý itini öýüň, maşgalanyň, Watanyň goragçysy, halallygyň we batyrlygyň nyşany hökmünde sarpalap gelipdir. Gadymy dessanlarymyzda, halk döredijiliginde hem alabaýlaryň wasp edilmegi olaryň halkyň ruhy dünýäsi bilen näderejede baglydygyny subut edýär.
Bu günki bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň alabaýlarymyza goýýan aýratyn hormat-sarpasy, egsilmez söýgüsi netijesinde ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimi günsaýyn giňeýär. Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döredilmegi we bu Assosiasiýanyň düzüminde ýurdumyzyň Aşgabat, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýörite merkezleriň hereket etmegi hem bu ugurda iş alyp barýan itşynaslaryň, ussat hünärmenleriň bir ýere jemlenip, türkmen alabaýlarynyň seçgiçilik işlerini ösdürmekde, bu täsin tohumy gorap saklamaga we has hem kämilleşdirmekde tagallalarynyň birleşmegini üpjün etdi. Türkmen alabaýynyň taryhy, aýratynlyklary, terbiýeleniş usullary barada türkmen we daşary ýurtly alymlaryň, hünärmenleriň kitaplarynyň, ylmy makalalarynyň yzygiderli çap etmeklerine itergi berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda hem bu ugur has-da kämilleşdirilýär. Döwlet derejesinde alnyp barylýan işleriň netijesinde türkmen alabaýy dünýäniň birnäçe ýurtlarynda giňden tanalýar, halkara sergilerde we ýaryşlarda üstünlik gazanýar. Häzirki wagtda türkmen alabaýy diňe bir ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem, dünýäniň onlarça döwletinde giňden tanalýar. Halkara sergilerde türkmen alabaýlary ýokary derejede sylaglara mynasyp bolýar. Alabaýyň aýratyn häsiýetlerine dünýäniň dürli ýurtlarynda uly gyzyklanma bildirilýär. Şu günki gün türkmen alabaýlarynyň Fransiýada, Germaniýada, Russiýada, Hytaýda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýändigi aýratyn bellärliklidir.
Mundan başga-da, ýurdumyzda we dünýäniň köp ýurtlarynda türkmen alabaýynyň güýçlüligiň, gaýduwsyzlygyň, edermenligiň, wepalylygyň simwoly hökmünde ykrar edilmegi, şeýle hem sport we medeniýet bilen baglanyşykly halkara maslahatlarda, dürli çärelerde wagyz edilmegi Türkmen alabaýynyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny tassyklaýar.
Umuman Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen alabaýy halkymyzyň ýürek buýsanjyna öwrülip, dünýä derejesinde uly şan-şöhrata eýe bolýar. Bu bolsa, ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň netijesidir. Türkmen alabaýy diňe bir geçmişiň mirasy däl, eýsem, geljekki nesiller üçin möhüm ýol görkezijidir. Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen Türkmen alabaýy döwlet derejesindäki baýlygymyzdyr we dünýä medeniýetiniň gymmatly hazynasynyň aýrylmaz bölegidir.
Mirhan TUWAKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň
wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi