Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmen alabaýy-milli mirasymyz

       Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ähli pudaklarda sazlaşykly ösüş gazanylmagynda döredilýän ähli mümkinçilikler bilen bir hatarda türkmen halkynyň gadymdan gelýän, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan we umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen mukaddesliklerimiziň has-da şöhratlandyrylmagynyň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi türkmeniň adam ýaly syzýan beýik derejä çykaran alahteke bedewleri, nepis halylary, datly gawunlary, şol sanda türkmen halkynyň özüniň wepaly dosty hasaplaýan türkmen alabaýlary milletimiziň at- abraýyny artdyryp gelipdir. Türkmen halkynyň milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem alabaý itleriniň abraýyny has-da artdyrjakdygy gümansyzdyr. Bu assosiasiýa ilkinji nobatda Türkmenistanda bu ugurdaky alnyp barylýan işleri, tagallalary birleşdirmäge, ylmy esaslarda alnyp barmaga, alabaýlaryň aňyrdan saklanyp gelýän ugurlaryny dowam etdirmäge, arassa ganlylygyny saklamaga we bu ugurdaky işleriň hemmesini kanunalaýyklykda alyp barmaga mümkinçilik berer. 

           Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kömek-goldawlary esasynda häzirki döwüre çenli hem bu ugurda uly işler alnyp barylýar. “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetinde türkmen alabaýlarynyň ady rowaýata öwrülen tohumlaryny hünär derejesinde ösdürip ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar. Şonda Türkmen halkynyň milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan we ýiti zehininden dörän  “Türkmen alabaýy” atly ajaýyp kitaby hünärmenlere, alymlara gollanma bolup hyzmat edýär. Onda örän çeper we sada dilde wakalar beýan edilen, ajaýyp suratlar bilen bezelen. “At-myrat”,”It geldi,gut geldi”,”Itim-gutum” diýen ýaly myrat we bagyt bilen baglanşykly pähimler türkmenleriň  bedewlerde myradyny, alabaý itlerinde bolsa bagtyny görendigini subut edýär. Çünki wepaly dosty we ynamdar syrdaşy hasaplap gelen bu ajaýyplygynyň gadymylygy, batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi, akyllylygy bilen bir hatarda olaryň örän wepalylygy, ynamdarlygyny subut eýän köp taryhy maglumatlar kitapda öz beýanyny tapýar  we häzirki döwürde has-da ýaşlarda türkmen alabaýyna bolan söýgini artdyrýar. Hormatly Prezidntimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy häzirki döwürde dünýäde uly gyzyklanma eýýe bolan, daş keşbi bilen bir hatarda akylly häsiýetleri we özüni alyp barşy bilen beýleki tohum itlerden has tapawutlanýan alabaýlaryň müňýyllyklardan  gelýän şöhratly  ýolunyň dowam etdirip nesillerden – nesillere geçiriljekdigini aňladýar. Şonuň bilen birlikde dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky alabaý itleriniň muşdaklary bilen hyzmatdaşlykde bolmaga mümkinçilik döreder we olaryň işine hem oňyn täsirini ýetirer.

        Bularyň hemmesi türkmen halkynyň müňýyllyklarynyň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklaryna milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýemynyň galkynyşy döwründe uly sarpa goýulýandygyny we onuň has-da kämilleşdirip, geljekki nesillerimize ýetirilmegine giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň şöhlelendirýär.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň başlygy Gülnur Abdyýewa