Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmen alabaýy — milli mirasymyz we buýsanjymyz!

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ähli ugurlary bedew bady bilen öňe barýar.

Ýurdumyzda toýlanylýan her bir toý-baýram halkymyza ruhybelentlik, şatlyk paýlaýar. Ynha ýakynda Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy uly dabara bilen bellenilip, onuň yzyndan hem saglygy goraýyş we derman senagat işgärleriniň güni bellenilip geçildi.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyny durmuşa geçirmek maksady bilen Aşgabatda «Türkmen alabaý itleri» Assosiasiýasy döredildi. «Türkmen alabaý itleri» Assosiasiýanyň ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary hem-de Aşgabat şäheri boýunça bölümleri döredildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda çykaran  919 belgili Permanyna laýyklykda, ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilýär.

2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda birwagtda widioaragatnaşyk arkaly ähli welaýatlarda alabaý itlerini saklamak üçin ýöriteleşdirilen toplumlaryň açylyp ulanmaga berilmegi ähli halkymyzda uly ruhybelentlik döretdi.

2022-nji ýylda Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilip başlandy. Şol ýyl ýurt derejesinde Türkmen alabaýlarynyň gözellik bäsleşigi geçirilip, ol bäsleşikde ýeňiji bolan Goranmak ministrliginiň alabaý itini ildeşlerimiz buýsanç bilen ýatlaýarlar. Türkmen alabaýynyň baýramçylygynyň ilkinji gezek bellenilen ýylynda ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen deň hatarda Lebap welaýatynda hem bu baýrama bagyşlap uly toýlar tutuldy.

Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biridir. Ýurdumyzyň seçgiçileriniň alyp barýan işleri hem-de alabaýyň arassa ganlylygyny saklamagyň netijesinde, ol biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini saklap geldi. Türkmen alabaý itleri dünýäniň goragçy tohum itleriniň hatarynda öňdäki orny eýeleýär.

Türkmen alabaýy häsiýetli aýratynlyklary bilen birnäçe müňýyllyklara barabar döwrüň synagyndan geçmegi başardy. Ine, bu gün hem durmuş ýolunda türkmeniň hemrasy bolan alabaýlar täze döwre gadam basýar, tohum itleri ösdürmegiň gadymy däpleri bolsa ylmyň we seçgiçiligiň öňdebaryjy gazananlaryny, tehnologik işleri ulanmak bilen, häzirki zaman görnüşinde mynasyp dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň hünärmeni Aýbölek Seýitgulyýewa