Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmen alabaýyna belent sarpa

    Parasatly halkymyzyň pähim-paýhasyndan, irginsiz zähmetinden dörän, dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň sanawynda durýan, milli baýlyklarymyzyň biri bolan, halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda ösdürip, kämilleşdirip, häli-häzire çenli asyl durkuny saklap gelýän alabaý itimiziň şanyna näçe söz aýtsaň hem bärden gaýdýar. Gazan kelleli şir ýürekli, aýy penjeli, uly göwreli türkmen alabaýlary dünýä belli it tohumlarynyň arasynda iň ajaýyplarynyň biridir. Bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan türkmen alabaýlaryny şu derejä ýetirmek üçin ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda irginsiz zähmet çekipdirler. Olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak üçin seçgi işlerini yzygiderli dowam etdiripdirler. Hiç bir halkda hem itlere türkmenleriňki ýaly uly yhlas bilen seredilmändir. Alabaýlar türkmen halky üçin diňe bir ygtybarly goragçy bolman, ýalňyzlykda ýoldaşam bolupdyr. Ynsanyň wepaly dosty bolan türkmen alabaý itleriniň 1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen ýer titremesinde ýowuz howpuň abanýandygyny öňünden duýduryp, adamlary kesek basmadan gorandygyna taryhy çeşmelerde gabat gelýäris. Geçmiş taryhymyzdan belli bolşy ýaly, gapysynda garysyny ýassanyp ýatan alabaýyň eýesi işigine hiç mahal gulp urmandyr. Garagum sährasynda mal yzynda gezýän çopanlar bolsa sürüsini goraýan alabaýlaryň bardygy üçin möjekdir, şagal-tilkiden asla gorky etmändir.

     Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň halkara derejesinde giňden bellenilýän günlerinde Hündistanyň Nýu-Deli şäherinden ýurdumyza Türkmenistan tarapyndan hödürlenen “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri” atly hödürnamasynyň kabul edilip, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky buýsançly hoş habaryň gelip gowuşmagy, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara giňişlikde giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

     Alabaý – halkymyzyň ilkinji eldekileşdiren öý haýwanlarynyň biri hasaplanylýar. Türkmen halkynyň gaýduwsyz goragçysynyň mertebesi, abraýy bütin dünýäde meşhurlyga eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Türkmen alabaýy” atly kitabynda olaryň gujur-gaýraty, edermenligi, ynsana wepalylygy hakynda içgin gürrüň edilýär. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, olaryň arassa ganlylygyny gorap saklamak we tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi bolsa bu ugurda alnyp barylýan işlere kuwwatly itergi berdi. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen toplumlaryň, merkezleriň döredilmegi türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny goramak we kämilleşdirmek boýunça ylmy-barlag işleriniň has-da çuňlaşdyrylmagyna giň ýol açdy.

    Türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il bähbitli döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!

Sonagül Hudaýberenowa

TAP-nyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni