Türkmen halkynyň goňşy ýaşaýan doganlan halklar bilen dosdana diplomatik gatnaşyklary öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýtýar. Aslyýetinde “Kyýamat güni goňşudan” diýen atalar sözüni döreden ata-babalarymyz goňşynyň gadyryny bilip edil öz ýakynlary ýaly görendikleri taryhy hakykatdyr. Muňa goňşular bilen “Goňşokara” baýramyny belläp “Gel okaram, git okaram gelmeseň, gitmeseň orta ýolda döwül okaram” diýen filosofik garaýyşlara eýeren halkymyzyň edim-gylymlary, däp-dessurlaryda aýdyň şaýatlyk edýär. Ine hormatly okyjym goňşy halklar bilen şeýle gatnaşyklary berkitmekde dünýä uzaýan nurana ýollaryň arny uly bolupdyr. Türkmen halky geçmişde ýetmişden gowrak döwlet döreden beýik milletdir. Haýsy asyrdygyna, haýsy döwürdigine garamazdan pederlerimiz beýik döwletleri esaslandyranda dürli halklaryň, dürli milletleriň wekilleri bilen agzybir ýaşap, olara özleriniňki ýaly deň şertleri döredipdirler.
Asudalygyň, adalatyň mekanyna öwrülen şol döwletlerde bolsa ähli adamlar bagtly, agzybir ýaşapdyrlar. Taryha nazar aýlanymyzda öz döwründe güýçli, adalatly döwletleri esaslandyran pederlerimiz partiýa ýaly beýik döwletleriň hereket eden döwründe öz döwründe jahana ýaň salan Rim, Hytaý ýaly beýik imperiýalar bilen parahatçylykly ýaşamak üçin şertnamalara gol çekipdirler. Ine türkmen Bitaraplygynyň gadymy we müdimidigini subut edýän subutnamalar, ine türkmen diplomatiýasynyň asyl manysy şu garaýyşda jemlenendir.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri
Bagtyýar Derkarow