Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli babatda ösüşlere beslenýär.
Durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler bolsa, ählihalk goldawyna eýe bolmak bilen, her bir raýatyň buýsanjyny goşalandyryp, ýurdumyzda özgerişlikleriň amala aşyrylmagynda tagallasyny gaýgyrmaýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözleriniň yzy üzülmeýär.
Bagtly zamanamyzda arka atylýan her bir gün halkymyzyň alnyndan ak gün bolup dogan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunuň toýlanjak gününe barha ýakynlaşdyrýar.
Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda şanly senedir. BMG-niň degişli Kararnamalary bilen iki gezek tassyklanan bu hukuk derejesi Watanymyzyň diňe bir milli bähbitlerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, parahatçylyk döredijiligiň, sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.
Şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen gabat gelmeginde çuňňur many bar.
Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär.
Bütin adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek dost-doganlyk, ynanyşmak, özara peýdaly hyzmatdaşlyk baky Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgeleridir.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň her bir agzasy hem Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny goldamak bilen, ata Watanymyzyň abraý mertebesini has-da belende götermek ugrundaky ýadawsyz aladalary, öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlary üçin Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarlar. Goý, türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň eýesi eden Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömurleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, halkara derejesindäki tutumly işleri hemişe rowaç bolsyn!
Rahym Seýtgulyýew
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Balkan welaýat komitetiniň Guramaçylyk
we syýasy işler bölüminiň
esasy hünärmeni