Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmen halysy – gözelligiň nusgasy.

Merdana ata-babalarymyzyň arzuwlan zamanasynda - Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadygymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda ähli milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, ajaýyp haly sungatymyzyň aýratyn sarpalanmagy her bir türkmen raýatynyň başyny göge ýetirýär. Türkmen halysynyň baýramy eziz Diýarymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky dynç gününde uly şatlyk-şowhun, buýsanç bilen bellenilip geçilýär.

Türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen halylar tutuş adamzadyň medeni hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň gadymy sungatynyň ajaýyp ýadygärligidir. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni gymmatlygynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Türkmen halylarynyň ajaýyp gölleriniň ýurdumyzyň esasy döwlet nyşanlarynyň – Baýdagymyzyň we Tugramyzyň baş bezegidigini bellemek gerek. Munuň özi halkymyzyň şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygynyň, ajaýyp däplere we milletiň özboluşly dünýägaraýşyna ygrarlydygynyň beýany bolup durýar. ‘’Haly türkmeniň kalbydyr’’ diýilmegi ýöne ýerden däldir. Haly gölleri ak mermerli paýtagtymyzyň bezeg ulgamynda we binagärlik keşbinde möhüm serişde bolup hyzmat edýär.

Türkmen gelin-gyzlarynyň dokan türkmen halysynyň dünýäde iň uly haly diýlip ykrar edilmegi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi buýsanylmaga mynasyp wakadyr. Türkmen halyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. ‘’El hünäri – il gezer’’ diýlişi ýaly, türkmen halysy asyrlardan asyrlara aşyp, öz gymmatyny ýitirmän gelýän milli mirasymyzdyr.

Türkmen halysy - gözelligiň, halkymyzyň kalbynyň päkliginiň, reňklere baý tebigatynyň özboluşly beýanydyr. Bu özüne maýyl ediji gözellige dünýä aşyk. Türkmen halylary dokalyş aýratynlygy, çitimleriň syklygy, reňkleriniň durnuklylygy, ýüzüniň tekizligi, gölleriniň özboluşlylygy bilen dünýäniň jahankeşdeleriniň, alymlarynyň, sungaty öwrenijileriniň ünsüni özüne çekýär. Halyçylyk hünärini sungat derejesine ýetiren ussat gelin-gyzlarymyzyň dokma daragynyň sesi owaz, aýdym, simfoniýa bolup eşidilýär. Bu owaz olaryň ýüreklerine üýtgeşik täsir edip, joşduryp, nepis halylaryň täze görnüşlerini dokamaklyga, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Şeýle hem zenanlarymyzyň nepis duýgularyndan döreýän bu ajaýyp sungatyň waspy her döwrüň halk döredijiliginde, edebiýatynda özüniň mynasyp beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär. Ussat halyçylarymyza hormatly atlar dakylýar. Şa serpaýlary gowşurylýar. Il arasynda ‘’Dokmaly öý – dok öý’’ diýlişi ýaly, haly dokalýan öý Hakyň nur-sahawatyny eçilýän rysgal-döwletli öý hasaplanypdyr.

Meşhur ‘’Halyçy gelin’’ aýdymynda aýdylyşy ýaly:

 

‘’Kak daragyň, batly ýaňlansyn, gelin,

Owazyň her öýde diňlensin, gelin’’.

 

Pursatdan peýdalanyp, ajaýyp halylarymyzyň asylky şöhratyny dünýä dolduran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle hem üýtgeşik gözelligi döredýän halyçy gelin-gyzlarymyzy, ähli watandaşlarymyzy ýetip gelýän Türkmen halysynyň baýramy bilen gutlaýaryn! Baýramyňyz gutly bolsun, sungat gözelligini döredýän halyçylar!

 Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň buhgalteri  Merjen Abdullaýewa