Ýagny, halkymyzyň akyldar şahyry Magtymgulynyň eserlerini öwrenmek biziň döwrümizde hem dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Taryhda A.Wemberi, A.Samoýlowiç, Ý.Bertels ýaly başga-da ençeme dünýä alymlar Magtymguly Pyraga, onuň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularyna uly baha berip, ençeme ýazgylary miras goýup gidipdirler. Şonuň ýaly-da, şahyryň goşgulary ençeme dillere terjime edilip, dünýä okyjylaryny buýsandyrdy. Magtymgulynyň goşgusyna aýdym aýtmadyk türkmen bagşysy ýok bolsa gerek.
Magtymguly ilini-gününi jany teni bilen söýen şahyrdyr. Ol şygyrlarynda ähli güýji kuwwatyň, abraýyň iliňe-ýurduňa edýän hyzmatyňa, goýýan gadyr-gymmatyňa baglydygyny yzygiderli nygtaýar. Islendik meseläniň çözgüdine halkyň nukdaýnazaryndan garap, il-günüň bähbidini öňe sürýär. Hakyky adamkärçiligiň hut il-ýurt meselesi, oňa bolan yhlasyň, söýgüň bilen baglydygyny okyjynyň aňyna pugta ornaşdyrmaga çalyşan şahyryň şyrgyrlaryda hut şu mesele bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Halk durmuşyndan daşda bolmadyk şahyryň goşgulary bütin halk köpçüligi üçin örän düşnükli, ýakymly, täsirlidir. Hut şonuň üçin hem her bir türkmen maşgalasynda Magtymgulynyň goşgularyny uly gyzyklanma bilen okalýar. Çünki akyldar şahyryň goşgulary nesilleri milli ruhda terbiýelemek üçin gymmatly gollanmadyr. Magtymguly ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly asylly häsiýetleri wagyz-nesihat edýär. Şahyryň goşgulary hünärli bolmagy, zähmeti söýmegi ündeýär. Kesp-käriň, hünäriň bolmasa, jemgyýete peýdasyzdygyny beýan edýär. Şahyryň goşgularynda hünär öwrenmek, bilimli bolmak, adamlara kömek etmek ýaly ýörelgeler wagyz edilýär. Magtymguly Pyragy şygyrýet äleminiň çyragydyr.
Çyrag diýilmegi onuň şygyrlarynyň ýolumyza nur çaýýandygy bilen baglanşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr” diýip şahyra belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ata-babalarymyzyň goýup giden akyl-paýhas mirasyny mynasyp sarpalamak, olary öwrenmek, nesil terbiýesinde netijeli peýdalanmak üçin uly mümkinçilikler döredildi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň buhgalteri Aýnura Jumaýewa