Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagamyz ata Watanymyzda ösüp kemala gelýän ýaş türgenleriň şu güni we geljegi üçin bahasyna ýetip bolmajak işleri durmuşa geçirdi. Bu işleriň esasy özeni Gahryman Arkadagymyzyň “Sagdyn durmuş ýörelgesi” atly başlangyjynda jemlenýär. Geçen ýyllara, günlere nazar aýlasaň Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ählihalk saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp işe girişen ilkinji günlerinden bilim, saglygy goraýyş ulgamy bilen deň hatarda sportda uly üns berip ýerlerde sport meýdançalaryny, sport mekdeplerini, halkara derejesindäki sport toplumlaryny gurduryp halkyň hyzmatyna berdi. Ine şol gurulan sport desgalarynda kemala gelen türgenlerimiz bolsa bu günki gün ýurt, sebit, dünýä derejesindäki ýaryşlarda, çempionatlarda, bäsleşiklerde ýeňiji bolup, ata Watanymyzyň ýaşyl tuguny al asmana galdyryp, döwlet senamyzy belentden ýaňlandyryp, ýurdumyza dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryndan bürünç, kümüş, altyn medallary getirýärler. Indi biziň ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerinden dünýä çempionlarynyň ençemesi bar.
Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna batly gadamlar bilen barýan günlerimizde Maliýe institutynyň talyby Alparslan Begenjowyň grekrim göreşi boýunça halkara çempionatynda altyn medala mynasyp bolup dünýä çempiony bolmagy türkmen türgenleriniň dünýädäki abraýyny belende galdyryp dünýäniň iň uly sport bäsleşiginde ata Watanymyzyň abraý-mertebesini ýene bir gezek ýokary galdyrdy.
Alparslan Begenjow grek-rim göreşi boýunça dünýä çempionatynda Eýranly, Ukrainaly, Russiýaly, Amerikaly garşydaşlaryndan üstün çykyp, şeýle sport baýramçylygynda ýaşyl tugumyzy belende galdyryp ýeňişi bolmagy biz türkmenistanlylary örän buýsandyrdy.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde hut Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäherinde Sport şäherçesiniň gurulmagy, bu şäherçede Aziýada-2017-niň geçirilmegi we türgenlerimiziň gowy netije görkezmegi, Amul-Hazar awtorallisiniň geçirilmegi, mundan başga-da, agyr atletika, milli göreş, hokkeý we ýene-de birnäçe ugurlar boýunça ata Watanymyzda sebit, halkara bäsleşikleriniň geçirilmegi türkmen ülkesiniň sport ülkesidigini bütin jahana äşgär etdi.
Ynha gadam basan täze eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky beýik başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam edip, türkmen türgenleri üçin giň şertleri döredip berýär. Şeýle şertleriň döredilen ýurdunda bolsa günde toý, günde beýik ýeňişler gazanylýar. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji Mejlisinde Türkmenistanyň öňe süren teklibi goldanylyp “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly kararnamanyň kabul edilmegide aýdyň şaýatlyk edýär. Bu kararnamanyň kabul edilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy gyzgyn gutlaýaryn. Goý türkmen sporty dünýä ýaň salsyn!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow