Türkmenistanyň tebigaty baý we özboluşlydyr. Türkmenistany güneşli ýurt diýip ýerlikli belleýärler. Ýylyň dowamynda ol 250 gün gök asmanymyzda şöhle saçyp durýar. Türkmenistanyň özboluşly ekoulgamlary, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň müňlerçe görnüşleri bar, bu görnüşleriň ençemesi diňe türkmen topragynda duş gelýär. Häzirki wagtda ýurduň çäginde biodürlüligiň, esasan hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň sanyny dikeltmek boýunça işleri amala aşyrýan 9 sany döwlet tebigy goraghanalary hereket edýär. Goralýan çäkleriň umumy meýdany 2 million gektardan geçýär.
Türkmenistanyň ösümlik dünýäsinde 3000-den gowrak görnüşleri bardyr we bu ösümlikleriň 13% diňe Türkmenistanda duş gelýär. Şeýle-de Türkmenistanda pes derejeli ösümlikleriň we kömelekleriň 4000 görnüşi duş gelýär. Ýurtda ýabany ösýän miweli, ir-iýmişli, hoşboý ysly, tagamly we bal beriji ösümlikler ilaty gymmat bahaly iýmit önümleri bilen üpjün etmek üçin çig mal görnüşinde azyk senagatynda we derman senagatynda peýdalanylyp bilner.
Ýabany miweli we hoz agaçlarynyň tokaýlyklary ýa-da dünýäde gymmatly tokaýlaryň biri hasaplanýan dag ýapgytlaryndaky arça tokaýlyklary diýjekmi, ýa-da sawanna görnüşli selçeň ýerleşen pisselikler, çöldäki sazak tokaýlyklary, derýa boýundaky jeňňellikler diýjekmi, umuman Türkmenistanda bar bolan gaýtalanmajak tebigat aýratynlyklarynyň ählisini sanap geçerden köpdir.
Ýaňy ýakynda, Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň döredilen güni mynasybetli “Dagekoulgamy atly “ wagyz-nesihat baýramçylyk çäresi uly şatlyk-şowhun bilen bellenip geçildi. Maslahatyň dowamynda Ýurdumuzyň tebigatyny gorap saklamak we ony geljek nesillerimize has gözel şekilde ýetirmek şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň tebigatyny ösdürmek ugrunda birnäçe maksatnamalaýyn alnyp barylýan işler barada bellenilip geçildi. Şeýle-de Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynda zähmet çekýän işgälerini ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatlary dabaraly ýagdaýda uly şatlyk-şowhun bilen gowşuryldy. Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar asuda parahat ýurdumyzda ähli mümkinçilileri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyşlaryny aýtdylar. Halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri rowaç alsyn!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň baş hünärmeni Mekan ATAGELDIÝEW