Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky parahat, bolelin, durmuşda ýaşaýar. Täze döwre şan beren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanyldy. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, ähli ulgamlarda uly zähmet ýeňişleri gaýnap joşdy. Şol çekilýän döredijilikli zähmetlerde ýurdumyzyň ýaşlarynyň hem öz tutýan orunlary, asylly goşantlary bar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýaşlar geçen ýylkylardan has gaýratly, hyjuwly zähmet çekip, döwletimiziň, ata Watanymyzyň ýaşlara uly ynam bildirýändihini şol nukdaýnazardan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, halkymyzyň ýaşlara bildirýän ynamlaryny ödemek üçin türkmen ýaşlary durmuşyň ähli ugurlarynda öz başarnyklaryny görkezip, Watançylyk hereketinde öz goşantlaryny goşdular.
Ýurdumyzda türkmen ýaşlarynyň ady bilen berk baglanyşykly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýaşlaryň durmuşyň ähli ugurlarynda çeken halal zähmetlerine, sportda, ylym-bilimde beýleki ugurlarda ýurt derejesinde we halkara derejesinde gazanan üstünliklerinden köňli hoş bolan Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň ilkinji kitabyny “Ýaşlar Watanyň daýanjy” diýip atlandyrmagynyň aňyrsynda türkmen ýaşlaryna bolan beýik ynam bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu kitabynda ýurdumyzda 2023-nji Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ykdysadyýetde, medeniýetde, syýasatda, halkara gatnaşyklarynda ýetilen sepgitleri dünýä ýurtlary bilen iki taraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde, halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmekde durmuşa geçirilen işler barada, esasan hem bu işleriň durmuşa geçirmekde ýaşlaryň hem ornunyň ulydygyny belläp, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitap ýurdumyzda ösüp, kemala gelýän her bir ýaş nesle döwrüň talaplaryna laýyk okap, öwrenip, giň dünýägaraýyşly, öz Watanyny jany-teni bilen söýýän ýaşlar bolup ýetişmeklerinde ýan kitaplaryna öwrüljekdigine biz pugta ynanýarys.
Bu kitap Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna bildiren uly ynamy hökmünde-de, ýaşlara bagyşlanyp ýazylan kitap hökmünde-de, türkmen ýaşlaryny galkyndyrar, olary okamaga, işlemäge ruhlandyryp, türkmen ýaşlarynyň ruhy çyragyna öwrüler.
Biz hem geljekde syýasy partiýalar, iri jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, işjeň agzalary bolup, ýörite düzülen iş meýilnamalarymyz esasynda ýaşuly we ýaş nesliň, dürli kärde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda tanyşdyrylyş dabaralaryny geçirip, wagyz-nesihat ederis.
Täze çapdan çykan “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy bilen biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlap, geljekde-de döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galamynyň ýiti bolmagyny diläp, geljekde-de şeýle ýürege ýakyn kitaplary öz halkyna peşgeş edip, bizi ruhlandyryp ýöremegini arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri Bagtyýar Derkarow