Türkmen topragy gadymy wagtlardan bäri şirinligine taý gelmeýän gawun-garpyzlaryň ýetişýän mekany bolup, babadaýhan nesliniň alyn deri bilen ýetişdirilen waharman, gülaby, garrygyz ýaly gawunlar süýjüligi, owadanlygy, başga bir ýerdäkä meňzemeýänligi diňe türkmen topragyna mahsuslygy bilen tapawutlanýar. Günsaýyn pajarlap ösýän Watanymyzyň behişdi nygmatlar kimin süýji durmuşyň rowaç alýan döwründe oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň işini döwrebap ýola goýmak, bu pudagyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, önüm öndürijiligi gowy hilli tohumlar bilen üpjün etmek, ýurdumyzda beýleki ekinler bilen bir hatarda, gök-bakja ekinleriniň, şol sanda gawunyň ekilýän sortlarynyň aýawly saklanmagyna, olaryň täze, kesellere durnukly, tagamly sortlarynyň döredilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. Gawunyň gadym döwürlerden bäri ekilip gelinýän görnüşlerini has-da kämilleşdirmekde, olaryň käbir görnüşlerini gaýtadan dikeltmekde we kämil derejede geljekki nesillere ýetirmekde oba-hojalyk ulgamynda uly işler durmuşa geçirilýär.
Şirin-şeker, asal-nabat gawunlaryň mekany bolan türkmen topragynda düme ösdürilip ýetişdirilýän gawunlar hem özüniň hoşboý ysy, durumlylygy bilen tapawutlanýar. Düme ekin bilen ata-babalarymyz gadymdan bäri meşgul bolupdyrlar. Düme ekilen gawunlaryň esasy aýratynlygy, olar suwsyzlyga çydamly bolýarlar. Gawunlaryň iýmitlenmegi üçin dökün gerek bolmaýar, sebäbi olaryň iýmiti sil suw bilen gelýär.Düme gawun ýagyş-sil suwunyň ýygnanýan ýerlerinde ekilýär. Düme gawunlary ekilen ekin meýdany möwsümiň dowamynda azyndan üç gezek haşal otlardan arassalanylýar, şeýle edilse topragyň tagty gitmeýär. Otag edilende, ýeriň damarlarynyň agzy bozulyp ýerden suw bugaryp gitmeýär, ikinjiden bolsa, topragyň üsti ýumşak bolýar we howa ösümligiň köküne aňsat barýar. Sil suw bilen akyp gelen dag we düz gyrmançalary düme ekine ekologiki taýdan arassa dökün bolup hyzmat edýär.
Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde ussat bakjaçylarymyzyň sany barha artýar. Olar ýylyn ähli pasyllarynda ildeşlerimizi ter gök önümler, şol sanda datly gawunlar bilen üpjün edilýär. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, ähli ugurlarda amala aşyrýan işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsyzlygy boýunça baş hünärmeni Isagulyýew Toýguly