Ýokarky jümle ýurdumyzyň islendik sebiti barada aýdylanda hem juda takyk aýdylan kesgitleme bolup durýar. Munuň islendik mysaly ýurdumyzyň iň çetki künjeklerindäki islendik obasynyň mysalynda hem görmek bolýar. Öňki ýaşaýyş-durmuş, medeni taýdan yzda galan obalary bu günki günde köşge berimsiz ajaýyp ymaratlar bezeýär.
Garaşsyzlyk türkmen halkynyň maňlaýyndan ak gün bolup dogdy. Garaşsyzlyk ýurt durmuşynyň ähli taraplarynda ajaýyp ösüşleriň, özgerişleriň başlanýan döwri boldy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde obalary galkyndyrmak syýasatynyň çäklerinde ýurdumyz ägirt uly gurluşyklaryň ýurdyna öwrüldi. Olaryň arasynda ýerli, sebit, döwlet, dünýä ähmiýetli gurluşyklar barmak bükip sanardan kän.
Garaşsyzlyk eýýamynyň has göze doly wakalaryň biri Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny açyp görkezýän Arkadag şäheri abraýly halkara düzümleriň we guramalaryň 20-den gowragynyň güwänamalaryna mynasyp boldy. Dünýäde akylly şäher konsepesiýasy esasynda bina edilen tutuş şäheri ulanmaga bermäge ukyply başga döwlet köp däl bolsa gerek.
Garaşsyzlyk zamanynda ajaýyp gurluşyklary bilen alamatlanan Köpetdagyň eteginde bina edilýän Arkadag şäherinde “ýaşyl” sanly tehnolgiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen “akylly” şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. Bu ýerde ekologiýa abadançylygy ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Arkadag şäherine “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýulan wezipäniň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alan gurluşyklaryndan çen tutanda Garaşsyzlyk düşünjesini bu ajaýyp gurluşyklar bilen deň derejede göz öňüne getirilýär. Akyldarlaryň biriniň belleýşi ýaly gurýan ýurt öser. Sebäbi biziň ýurdumyzda medeni durmuş maksatly gurluşyklar has köp.
Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurluşyklar has hem giň gerime eýe bolýar. Bu ajaýyp özgerişleriň göz başynda bolsa öz ýurdunyň raýatlary hakynda ýadawsyz alada edýän Hormatly Prezidentimiz durýar. Ata Watanymyzyň abraý-mertebesini bütin dünýä dabaralandyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, her bir tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni: Gurbangül Baýramkulyýewa.