“Pahim paýhas ummmany –Magtymguly Pyragy” diýen şygar astynda geçýän 2024-nji ýylyň 4-nji noýabrynda ýurdumyzyň paýtagtynda iri jemgyýetçilik-syýasy waka ýagny, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň IV gurultaýy geçirildi. Bu Maslahatda ýurdumyzyň syýasy guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gurultaýa oňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen wekillerden başga-da, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy edaralaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik birleşmeleriniň, köpçulikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Soňra gurultaýa gatnaşyjylar hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemlediler hem-de ýakyn geljek üçin Agrar partiýanyň işiniň esasy ugruny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Agrar partiýasy işjeň jemgyýetçilik-syýasy güýç hökmünde ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda, esasanda oba senagat toplumynyň wekilleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Bu iri jemgyýetçilik guramasy hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän iri möçberli özgertmelere işjeň gatnaşyp, öz partiýa agzalarynyň ýokary düşünjeliligini hem-de täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm maksatlara we wezipelere aýdyň göz ýetirýändigini äşgär edýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Syýasy partiýalar hakynda” Kanuna we beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda öz işini amala aşyrýan partiýanyň agzalarynyň sany yzygiderli artýar.
Türkmenleriň durmuş ýörelgeleri, milletimiziň gymmatly taryhy-medeni mirasy — munuň özi jemgyýetiň birleşmegine, agzybirligine we jebisligine ýardam berýän, adamlarda ynsanperwer we watançylyk häsiýetlerini terbiýeleýän ruhy güýçdür. Türkmen halky tarapyndan geçilen taryhy ýol häzirki zaman türkmen döwletiniň demokratik hem-de hukuk esaslarynyň kämilleşmeginde we berkemeginde kuwwatly binýat bolup hyzmat edýär.
Parlamentiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlananlaryň hatarynda Agrar partiýanyň wekilleriniň bolmagy buýsançly ýagdaýdyr, olar syýasy köpdürlülik we köppartiýalylyk şertlerinde saýlawçylaryň ynamyny gazanmagy başardylar.
Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň abadan, parahatçylykly we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden, adamlaryň döredijilikli zähmeti üçin mümkinçilikleri döretmekden, raýatlyk hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekden ybaratdyr. Bu syýasatyň özeni “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda aýdyň beýanyny tapdy.
Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygar astynda ýurdumyzyň innowasion esasda toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Bu Maksatnamalar esasynda ylym-bilimi, sanly ykdysadyýeti, oba hojalygyny, senagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak, telekeçiligi ösdürmek, saglygy goraýşy, sporty we medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, daşky gurşawy goramak babatda döwrebap işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň ähli sebitlerinde döwrebap senagat-önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar hem-de binalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Bu işler ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň yzygiderli ýokarlanmagyna hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagyna oňyn täsir edýär.
Gurultaýda çykyş edenler milli Liderimize oba hojalygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler we yzygiderli aladasy üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Partiýa agzalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz tarapyndan ekerançylaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini, daýhanlaryň zähmetine mynasyp baha berilýändigini, bu bolsa oba zähmetkeşlerini has-da netijeli işlemäge ruhlandyrýandygyny buýsanç bilen bellediler.
Agrar partiýanyň işjeňleri döwlet tarapyndan berilýän goldawyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar, munuň özi obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna gönükdirilen iri maýa goýumlarynda, himiýa senagatynyň ösdürilmeginde, oba zähmetkeşleriniň mineral dökünler bilen üpjün edilmeginde öz beýanyny tapýar. Obasenagat toplumy üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlar, ekiş enjamlary we beýleki tehnikalar satyn alynýar, ulanyş möhleti geçen hem-de hasapdan öçürilmäge degişli oba hojalyk enjamlary bolsa olary gaýtadan dikeltmäge isleg bildirýän ekerançylara we hususy telekeçilere muzdsuz berilýär.
Maslahata gatnaşyjylar ýakyn geljekde öňde durýan işleriň üstünde durup geçip, ýaşlary watançylyk we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek, ýurdumyzda ýaýbaňlanan özgertmelere işjeň türkmenistanlylaryň täze neslini giňden çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ornuny bellediler.
Türkmenistanda öndürilýän önümleri eksport etmegiň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, täze, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän dänäni gaýtadan işleýän kärhanalaryň we maldarçylyk toplumlarynyň, ýyladyşhana hojalyklarynyň gurluşyklaryna, çörek, unaş, et we süýt önümleriniň, ösümlik ýagynyň, peýniriň dürli görnüşleriniň önümçiligine aýratyn üns berilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda suwarymly meýdanlarda suw tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, suw desgalaryny gurmak we ulanmaga bermek boýunça ägirt uly tejribe toplanyldy. Iri möçberli suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi oba hojalyk pudagynyň netijeli ösdürilmegine, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam berýär. Ilatyň dürli gatlaklaryna wekilçilik edýän maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli güýçlerini, gujur-gaýratlaryny we tejribelerini gönükdirmäge taýýardygy beýan edildi.
Oba ilatynyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde obasenagat toplumynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, pudakda öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de hojalygy ýöretmegiň has girdejili usullaryny ornaşdyrmak işlerine aýratyn üns berilýär. Şu gün gurultaýda bellenilişi ýaly, bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalary hem mynasyp goşant goşmalydyrlar.
Gurultaýyň barşynda şeýle hem birnäçe beýleki guramaçylyk meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary IV gurultaýyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda gurultaýa gatnaşyjylar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň bähbidine öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge ähli tagallalaryny, gujur-gaýratlaryny we tejribelerini gönükdirjekdigini ynandyrdylar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni Tuwakow Mirhan