Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Halk maslahaty-bagtyýar durmuşymyzyň kepili

Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hem-de milli döwletlilik ýörelgelerine daýanyp, ähli ulgamlarda ýokary ösüş depginlerini saklap gelýär. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, döwrebap önümçilikleri döretmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly ulgamy ösdürmek, ylym-bilimi kämilleşdirmek we ýaş nesli döwrebap terbiýelemek boýunça giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak maksady bilen senagat pudagynda täze kärhanalar işe girizilýär, energetika, ulag-logistika, oba hojalygy, gurluşyk we hyzmatlar ulgamlarynda iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda we paýtagtymyz, Aşgabat şäherinde häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaý toplumlary, bilim ojaklary, çagalar baglary, hassahanalar, sport toplumlary, medeniýet merkezleri we beýleki durmuş maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Bularyň ählisi halkymyzyň rahat we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda döwletimiz tarapyndan edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen halky öz döreden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen, dünýä medeniýetiniň ösmegine goşant goşan halkdyr. Taryhda şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan köp sanly döwletler gurlupdyr. Döwleti dolandyrmakda, onuň gurluşyny kämilleşdirmekde, halky abadan durmuşda ýaşatmakda örän baý tejribeler toplanypdyr. Parahatçylyk, ynsanperwerlik kadalaryna ygrarly, beýik taryhy hem-de medeniýeti döreden ata-babalarymyzyň mukaddes däplerini mynasyp dowam etdirip, dünýäde umumy ykrar edilen demokratik düzgünlere eýerip, Türkmenistanyň Halk maslahatyny döretdik» diýip jaýdar belleýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak boýunça degişli işler üstünlikli dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda döwrebap obalardyr şäherler, bilim ojaklary, dürli kärhanalar açylyp ulanylmaga berilýär. Güneşli Diýarymyzda täze senagat we önümçilik ähmiýetli desgadyr binalaryň gurulmagy, öňki bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi, tehniki binýadynyň berkidilmegi we täze tehnologiýalar bilen üstüniň ýetirilmegi, hereket edýän kärhanalaryň öndürijilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan,  bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmegi, bazarlarda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda durmuşa geçirilýän özgertmeler oňyn netijeleri berýär. Ata Watanymyzyň obasenagat toplumy hem milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, halkyň bolelin we asuda durmuşyny, azyk bolçulygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegi, dünýäniň öňdebaryjy kämil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, ylymda gazanylan soňky tejribeleriň giň gerime eýe bolmagy ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny has-da girdejili pudaga öwürmekde möhüm ädim boldy. Hususan-da, döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan maksatnamalar, ylmy-barlaglar we sanly tehnologiýalar birleşip, oba hojalygynyň toplumlaýyn  ösdürilmegine, pudakda ýola goýlan işleriň döwrebaplaşdyrylmagyna oňyn şert döredýär. Oba zähmetkeşleri hem muňa jogap edip ýurdumyzda 2026-njy ýylyň galla oragy üstünlikli jemläp, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldylar. Döwlet tarapyndan öňde goýlan şertnamalaýyn borçnamalar doly berjaý edilip “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan -- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda edermen gallaçylarymyz ýylyň-ýylyna zähmet üstünliklerini gazanýarlar.

Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň bosagasynda geçirilmegi däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde halk bähbitli möhüm çözgütler kabul edilýär.

Mysallardan hem görnüşi ýaly, döwletliligiň we jebisligiň aýdyň mysaly bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen jemgyýetinde demokratiýanyň dabaralanmagyna, raýat jemgyýetiniň berkarar edilmegine, raýatlaryň syýasy işjeňliginiň ýokarlanmagyna, halk köpçüliginiň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärelere gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň baş hünärmeni                                Mekan ATAGELDIÝEW