Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda arzyly maksatlaryň hasyl bolýan, uly sepgitlere ýetilýän ajaýyp zamanada ”Pähim paýhas ummany Magtymguly pyragy” ýylynda hem – Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwrunde Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mälim bolşy ýaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly biziň Boldumsaz etrabymyzyň etrap häkimligi, oba hojalyga degişli edara kärhanalar, medeniýet bölümi, Bilim bölümi we jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň gurnamagynda hem etrabymyzyň Medeniýet merkezinde Boldumsaz etrap häkiminiň tassyklan meýilnamasy esasynda ,,Türkmenistanyň Halk maslahaty röwşen geljegimiziň binýady” atly aýdym-sazly wagyz-nesihat ýygnagy bolup geçdi.
Bu dabaraly maslahatdaTürkmenistanyň mejlisiniň deputaty Maksat Otuzow,Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy Öwez Paltabaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy Sapargül Rejepowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy Çary Kakabýew. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Boldumsaz etrap birleşmesiniň başlygy Tekebaý Duşemow, Boldumsaz etrap 62-nji orta mekdebiň mugallymy Arazbaý Omarow, Boldumsaz etrap Medeniýet bölüminiň işgäri Orunbaý Çalkarow dagylar çykyşlarynda, Täze döwrüň belent maksatly ösüşlerine barýan aýdyň ýolda döwlet durmuşyna degişli wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak ýaly asylly ýörelge berkarar Watanymyzda mizemez däp hökmünde dowam edip gelýär. Häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalrynyň netijesinde milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak sanly ykdysadyýete geçmek ykdysady ösüşüň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişikler bilen birlikde halk häkimýetini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgiýetçilik syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigi aýratyn bällärlikdir.Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny hasda berkitmek,ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgy
ýetçilik syýasy durmuşykdysady, medeni ynsanperwer we kanunçylyk hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda
gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen döredilen bu ýokary wekilçilikli
edara halkymyzyň taryhdan öz gözbaşyny alyp gaýdýan maslahatlaşmak, geňeş etmek däbiniň aýdyň subutnamasydyr. Halk Maslahaty döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk köprüsi bolmak
bilen, döwlet ösüşiniň iň möhüm wezipeleri, jemgyýetçilik durmuşynyň döwrüň talaplaryna görä özgerdilmeginiň ugur ýollary baradaky anyk çözgütleri kabul etmegiň münberi bolup durýar. Bu umumy milli forumyň mejlislerine gatnaşýan
ýaşulular, ýaşlar, jemgyýetiň dürli gatlaklaryna wekilçilik edýän adamlar berkarar döwletiň ösüş ýollarynyň täze wezipelerine çuň düşünmek bilen, olary ýerine ýetirmegiň jogapkärçiligini ýürekden duýup, halkyň bagtyýar durmuşyny
üpjün etmekde, nesilleriň ygtybarly geljeginiň
berk binýadyny döretmekde döwletimiziň mümkinçilikleriniň uludygyna göz ýetirýärler. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň
öň ýanynda — «Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilmegi
meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi aýratyn mana eýe bolar diýip belläp geçdiler. Maslahatynyň ahyrnda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkdagymyza hem-de Arkadly Serdarymyz Hormatly Prezidentimize alkyşlar aýtdylar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy Jumakow Ýusup