Berkarar dwöletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň köpugurly özgertmelerini üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda öz ösüşiniň täze basgançaklayna bedew bady bilen ynamly gadam basýar. Ýurdumyzda Watan üçin, halkyň bagtyýar ýaşaýyşy üçin durmuşa geçirilýän köpugurly beýik işleriň durmuşda dabaralanmagy esasynda Garaşsyz Watanymyz ösüşleriň hem-de özgerişleriň aýdyň ýolundan beýik hem-de röwşen geljege barýar. Muňa ýurdumyzyň paýtagt şäheri Aşgabatda we welaýatlarda durmuşa geçirilýän işler aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda Watan üçin, il üçin durmuşa geçirilýän işler barada ýakyndan tanyşjak bolsaň isle sen öz ýurdumyzyň raýaty bol, isle daşary ýurduň adamy tapawudy ýok ýurdumyzyň çar tarapyny synlap, öz gözüň bilen edilen işleri synlap, raýatlarymyzyň islendigi bilen söhbetdeş bolup, olardan ata Watanymyzda halk üçin döredilýän giň şertler barada söhbetdeş bolup aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli öz gözbaşyny işler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir" diýen baş şygaryndan öz gözbaşyny alyp, bu günki günde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň "Döwlet diňe halky bilen döwletdir! Watan diňe halky bilen Watandyr!" diýen baş ýörelgesinde aýdyň beýanyny tapýar we bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işler hem biz türkmenistanly raýata uly ruhybelentlik paýlaýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň düýp mazmuny Garaşsyz, Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly, kuwwatly ýurda öwürmekden, halkymyzy parahat, eşretli durmuşda ýaşatmakdan ybaratdyr.
Ine bu ugurda durmuşa geçirilýän işlere badalga bermekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň durmuşdaky orny uludyr. Gadymy döwürlerden bäri türkmen aga il-ýurt bhbitli işlere badalga berjek bolanda maslahat çagyryp her obanyň il içinde sylanýan, hormatlanýan adamlaryny çagyryp maslahat edip, döwletli işleri maslahatlaşyp çözüpdirler. Ine şol maslahatly çözülen işler, çykrylan netijeler obalaryň arasynda suw, ýer, mal ýa-da adamlaryň şahsy durmuşynda ýüze çykýan meseleleri akylly-başly çözmäge goltgy beripdirler. Ine şeýle işleriň durmuşda öz ornuny tapmagy ata-babalarymyzyň "Ýedi ölçäp, bir kes", "Maslahatly biçilen don, gysga bolmaz" ýaly nakyllaryň hem döremegine itergi beripdir. Ata-babalarymyzyň esaslandyran durmuş mekdebinde kemala getiren nakyllary, akyllary, ýol-ýörelgelri, adamçylyk sypatlary goňşy arasynda, oba arasynda, hat-da ýurt arasynda hem döräp biläýjek dawa-jenjelleri parahatçylyk ýoly bilen çözmäge ýardam berip, şol daşa ýazylan durmuş kadalary biziň şu günki günümizde hme öz ähmiýetini ýetirmeýär.
Muňa biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynda il-ýurt bähbitli çözülýän döwletli çözgütleriň mysalynda-da, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşlarynda getirýän tymsallarynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzda uly jemgyýetçilik institut bolup, Halk Maslahatynda kabul edilen taryhy çözgütler, taryhy kararlar ýurdumyzyň ähli çäginde höküm rowandyr. Halk Maslahatynda kabul edilen kararlary, çözgütleri diňe Halk Maslahatynyň özi ýatyryp bilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda hereket edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilýän taryhy çözgütler her bir adama täsirini ýetirip, ruhybelentlik paýlaýar. Halk Maslahatynyň düzümi barada aýdanymyzda, onuň gerimini, durmuşyň ähli ugurlaryndan wekilleriniň bardygyny buýsanç bilen belläp geçmelidiris. Ýurdumyzda Halk Maslahaty hakynda Konstitusion kanun herekt edýär. Şol kanunyň maddalarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzüm birligi, ýerine ýetirýän işleri, durmuşdaky orny baradaky ähli zatlar öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty welaýat, şäher we etrap Halk maslahatlarynyň işlerine, Arçynlyklara işleri talabalaýyk ýola goýmaga gözegçilik edýär.
Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar, Halk Maslahatynyň durmuşdaky orny barada maslahatlar, söhbetdeşlikler uly ruhybelentlikde geçirilýär. Şeýle temadan maslahatlar Türkmenitanyň Agrar patiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda Dänew etrap medeniýet öýünde, Türkmenabat şäherinde hereket edýän mekdep internatlarynda, Saýat etrabynyň Döwletabat daýhan birleşiginiň pagtaçy, şalyçy kärendeçileriniň, bagbanlarynyň arasynda geçirildi. Geçirilýän maslahatlarda çykyş edýän il sylagly ýaşulylarymyz, kümüş saçly enelerimiz, Agrar partiýanyň işjeň agzalary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň durmuşdaky orny barada, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, Watan ähmiýetli işlerine öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çykyş edenleriň ählisi durmuşa geçirilen beýik işleri biz maslahatyň dowamynda aýdyp geçmegiň asla mümkin däldigini buýsançly belläp halk üçin yzygiderli döredip berýän giň şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallyklaryny bildirdiler.
Maslahata gatnaşyjylar ähli geçiren wagyz-nesihat çärelerimizde ýerlerinden öz galyp 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň işine üstünlik arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdir Bagtyýar Derkarow