Türkmenistanyň Agrar partiýalaryň Dänew etrap komitetiniň we Dänew etrap “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynyň bilelikde gurnamaklarynda Dänew etrap “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek, ony guramaçylykly geçirmek hem-de alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti barada dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata Agrar partiýanyň jogapkär işgärleri, işjeň agzalary “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynyň işgärleri gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda Agrar partiýanyň jogapkär işgärleri, işjeň agzalary çykyş edip, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly hem şanly wakalar bilen şöhratlanýandygyny we şu ýylyň 15-nji iýulynda iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisi geçirildi we onuň möhüm wakalaryň hatarynda orun alandygyny, Mejlisiň dowamynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de şol buýsançly senäniň öňisyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmegiň hem-de Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşandyklaryny aýtdylar.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Şeýle-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak hemişe üns merkezinde bolmalydyr” diýip belläp geçenini ýatladylar we raýatlardan gelip gowşan tekliplere, beýleki ýüztutmalara garamak, hasaba almak boýunça işleri alyp barmalygy tabşyrdy, Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak, hormatly atlary dakmak boýunça alyp barýan işlerimizi guramaçylykly ýerine ýetirmeli. Mynasyp adamlary hödürlemek hem-de bu işleri resmileşdirmek boýunça işleri öz wagtynda talabalaýyk alyp barmaklygy hakynda aýdyp geçdiler. Dabaraly maslahatyň soňunda ýaşaýşymyzyň eşretli, durmuşymyzyň abadan, geljegimiziň owadan bolmagy ugrunda uly tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolmagyny, döwlet ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
Gadam Öwezow