Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan bütin dünýäde ähli taraplaýyn ösen döwlet hökmünde ykrar edilýär. Ýetilýän belent sepgitleriň özenini esasy Kanunymyz bolan -Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalaýyn işler düzýär. Bu bolsa Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we milli Liderimiz, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň doly ykrar edilmegine, ýaşyl tugumyzyň belentde parlamagyna ýardam berýär. Munuň özi esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününde - baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli şöhlelendirilýär, özüniň ajaýyp beýanyny tapýar.
Türkmenistan - demokratik, hukuk, dünýewi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletdir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni her ýylyň 18-nji maýynda bellenilýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Döwlet Baýdagymyz şäheriň islendik künjeginden görünýär. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň gözelligi bilen sazlaşýan Döwlet baýdagy watansöýüjilik we mähriban Watana bolan söýgi ýaly bahasyz gymmatlyklary, halkymyzyň beýik döredijilik ruhuny alamatlandyryp, bahar şemalyna erkin pasyrdaýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijeleri her ädimde duýulýar. Türkmen topragy özgerip, gülläp ösýän bagy-bossanlyga bürenýär, şäherleriň we obalaryň keşbi düýpli özgerýär, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar, Türkmenistanlylaryň abadançylyk derejesi ýokarlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwlet nyşanlary bolmak bilen Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Ýaşyl Döwlet Baýdagymyz Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär. Döwlet nyşanlary milli ýörelgeler we umumy adamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşyp, çuňňur mana eýedir hem-de halkymyzyň nurana geljegi bolan garaýyşlaryny äşgär edýär. Ýaşyl Döwlet baýdagymyzda türkmen halylarynyň gölleri, doganlygy, bitewüligi we durmuşyň täzelenişini aýan edýän bäş ýyldyz we ýarym aýyň şekili ýerleşdirilen. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 4-nji bendine laýyklykda, ýurdumyzda döwlet derejesinde her ýylyň 18-nji maýynda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri, wagyz-nesihat çäreleri ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki wagtda ýaşlarmyzy döwre laýyklykda ýetişdirmekde olary ýurdumyzda geçirilýän her bir baýramçylyklary wagyz etmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Ol halkymyzyň bozulmaz agzybirligini, bitewüligini, onuň şöhratly pederlerimiziň paýhasly wesýetlerine, bagtly häzirki we geljekki durmuşyň ýörelgelerine bolan ygrarlylygyny, Watanymyzyň saýlap alan döredijilikli ýoly bilen ösüşleriň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bolan ynamly ädimini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Türkmen halky tarapyndan agzybirlik bilen toýlanýan bu gymmatlyklarymyzyň goşa baýramy ýaşlaryň çuňňur watansöýüjilik duýgularyny kämilligiň çäksiz belentliklerine göterýär. Olary halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy ugrundaky döredijilikli zähmete mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Ak ertirlerimize bolan synmaz ynamy öňküden hem pugtalandyrýar. Her ýylyň 18-nji maýy Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan nyşanlarymyzyň - Konstitusiýamyzyň we ýaşyl Döwlet baýdagymyzyň güni döwlet derejesinde bellenilýär. Şeýle günde şöhratly halkymyzyň özbaşdak ösüş ýoluna bolan hukugynyň alamaty bolan goşa mukaddesligimiziň baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uludan toýlanýar. Bu goşa toý mynasybetli Türkmenistanda ýokary baýramçylyk ruhunda dabaralar geçirilip, milli gymmatlyklarymyzyň we ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň waspy ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman Arkadagymyzy, şeýle hem merdana türkmen halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzda nusgalyk işleri we taryhy, beýik konstitusion özgertmeleri durmuşa geçirýän Belent Mertebeli Prezidentimize we milli hem-de halkara derejede kanun esasynda ykrar edilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman we mähriban Arkadagymyza çäksiz hoşallyklarymyzy bildirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän taryhy, beýik konstitusion özgertmeleriniň ählisiniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň başlygy Gülnur Abdyýewa