Garaşsyz baky Bitarap döwletimiziň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary netijesinde oba hojalyk önümçiliginiň netijeligini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen öňdebaryjy ekerançylygyň ýurduna öwürdi. Oba zähmetkeşleriniň zähmetsöýerligi we taýsyz tagallalary bilen eziz, ajaýyp döwletimiziň häzirki günlerinde aralyk ekini bolan şaly ekininiň gyzgalaňly orak döwürleri gidip dur. 1 kilogram tüwi öndürmek üçin 5 tonna suw sarp edilýär. Ýere bol suw yzygiderli goýberilip ýetişdirilýän däneli ekine şaly diýilýär. Şol ekiniň daşynyň arassalanmagy bilen alynýan däne tüwi diýilýär. Ata-babalarymyzdan miras galyp, şaly barada aýdylyp geçilen nakyllara ser salsak “Şaly suwsuz bolmaz, palaw-bugsyz” diýilişi ýaly, şaly ekini adamzadyň taryhy ösüşinde möhüm azyk höküminde iň gadymy dänelik ekinleriň biri hasaplanylýar. Şaly tropiki ýurtlaryň ilatynyň esasy iýmiti bolup, ol däneli ekinleriň iň ýokary hasylly görnüşidir. Şalynyň hasylyndan tüwi we ýarma önümleri alynýa hem-de olary gaýtadan işlemegiň netijesinde tüwiden üwelen un, krahmal ýaly köp dürli azyk harytlary taýarlap bolýar. Şaly dänesini gaýtadan işlenilende, onuň iň ýokumly böleginiň saklanylyp galmagy ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli bolmagy tehnologiýa bildirilýän esasy talap bolup durýar. Ýer ýüzünde tüwiniň 7-10 müň töwerek görnüşi bar. Olaryň daşky şekili, ululygy, reňki, hasyllygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzda bol hasyly ekilip alynýan şalyny başka döwletlerde-de Hytaý, Hindistan, Bangladeş, Indoneziýa, Tailand ýaly ýurtlard-da ösdürilip ýetişdirilýär. Şaly däneli ekinleriň arasynda iň köp hasyl alynýan ikinji ekin hasaplanylýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sarpasyny örän belent tutýarys. Bize şeýle eşretli durmuşy peşgeş berýän, okamana, öwrenmäne, döretmäne ajaýyp zamanany gurup berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýdýaryn. Goý, Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyz has-da gülläp össün, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyňLebap welaýat Dänew etrap komitetiniň buhgalteri Dilraba Şaýmerdanowa