Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Üstünlikli berjaý etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz                      "Agzybirligimiz bilen ähli sepgitlere ýeteris" diyip örän jaýdar belleýär. Agzybirlikde çekilen zähmet elmydama üstünlik getirýär. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Daşoguz welayatynyň galla kärendeçileriniň oba hojalykçylarynyň çeken yhlasly zähmetleri kemsiz ýerine düşdi. Şu taryhy ýylmyzda welaýatymyzyň gallaçylary 145 müň gektar ýerden ýokary hilli guşgursak ak bugdaýyn bereketli hasylyny watan harmanyna tabşyryp döwlet öňündäki bellenen meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. Welaýatymyzyň gazanan bu zähmet üstünligine Görogly, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň gallaçylary has-da saldamly goşantlaryny goşdylar. Galla oragy möwsümine girişilen günlerden ähli işleriň sazlaşykly guralmagy bu jogapkärli möwsümiň ýokary depginlerde gitmegine uly şert döretdi. Galla orujy kombaýynlaryň, ýük awtoulaglaryň gije-gündiziň dowamynda saz işledilmegi, iş üstinde bu tehnikalara zerur tehniki hyzmatlaryň görkezilmegi,  jemgyýetçilik guramalaryň, medeniýet sungat işlgärleri yzygider möwsüme gatnaşýanlaryň aralarynda bolup olaryň armasyny ýetirmegi, öňdebaryjylary höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanmagy galla kärendeçileriň päk zähmetiniň netijesinde kemala gelen guşgursak ak bugdaýy gysga wagtda ýygnap watan harmanyna tabşyrylmagyna uly mümkinçilik berdi.

            Hemmämizin bilşimiz ýaly berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrinde peder ýolyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ykdysadyyetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek halkymyzyň ýaşaýys durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Hususanda oba hojalyk pudagynda maksatnamalaýyn alnyp barylýan işler aýratyn bellenmage mynasyp.  Ýer eýeleriniň ýokary hilli tohum dökin suw bilen doly üpjün edilmegi, daşary ýurtlaryň iň kämil tehnikalarynyň olaryň tirkeg gurallarynyň yzygider satyn alnyp berilmegi, kärendeçilere uzak möhletleýin ýer bölekleriniň berilmegi, 2019-njy ýyldan başlap oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenen iýmlik önümleriniň 50 göterimini döwlet tarapyndan düzgünleşdirilen bahalardan kärendeçilere berilmegi, 2024-nji ýyldan başlap pagtanyň bugdaýyň döwlet satyn alyş bahalarynyň ýokarlanmagy, daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi her bir kärendeçini öňkidende gaýratly zähmet çekmäge täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmaga uly badalga berýär. Şular ýaly ajaýyp mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan babadaýhanlar her ýyl oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alyp ýurdymyzda azyk bolçylygynyň döredilmegine, ykdysady kuwwatymyzyň barha ýokarlanmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda özleriniň gazanan zähmet üstinliklerinden göwünleri galkynan Daşoguz welaýatynyň zähmetsöýer babadaýhanlary ýerleri güýzlik bugdaý ekişine taýýarlamak işlerini şu günlerden ýokary depginlerde alyp barýarlar. Hasyldan boşan meýdanlar bugdaý samanlaryndan arassalanýar, sürüm işleri geçirilýär.

           Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiyasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň işgärleri oba zähmetkeşleriniň aralarynda bolup hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kämillesdirmek bilen bagly kabul eden kararlaryny, içeri we daşary syýasatyny wagyz edýäris, möwsümleýin meýdan işleriniň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde oba zähmetkeşleriň armasyny ýetirýäris, meýdan işleriniň alnyp barylşy barada pikir alyşyarys.

           Bize işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän, ýurdumyzy ösüşleriň täze belentlikletine bedew bady bilen öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun ömürleri uzak bolsun her bir döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. Harmanyňyza bereket Gahryman Arkadagymyz, Harmanyňyza bereket Arkadagly Gahryman Serdarymyz, harmanyňyza bereket gallaçy babadaýhanlar.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni Çynar Berdikulyýewa.