Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny üstünlikli durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz uruş weteranlarymyza, urşuň yzynde galan ýalňyz enelerimize, olaryň bala-çagalaryna, uruş döwründe tylda zähmet çeken zähmet weternalarymyza uly hormat goýýar.
Hormatly Watandaşlar! Hormatly uruş weteranlary, olaryň maşgala agzalaryny, uruş döwründe tylda zähmet çeken zähmet gahrymanlarymyz! Mähriban işldeşlerimiz! Men Siziň ähliňizi 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanan Beýik Ýeňşiň 79 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Aýatda galan uruş weteranlarymyza, Beýik Ýeňşiň hatyrasyna tylda gije-gündiz zähmet çeken watandaşlaryma, ähli halkymyza berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we parahat durmuş arzuw edýärin!
Hormatly adamlar! Beýik watançylyk urşunyň ýalynly ýyllary alyslarda galdy. Uruş ýyllaryny ýatlamaklyk kyn, ýöne ol günleri ýatlamazlyk asly mümkin däl. Sebäbi bu urşuň pajygaly wakalary, ýüreklere salan ýaralary asly ýatdan çykar ýaly bolmady. Türkmen halky Watançylyk urşunda gazanylan Beýik ýeňişe mynasyp goşandyny goşdy. Şol gazaply ýyllarda halkymyzyň müňlerçe gerçen mert ogullary ata Watanymyzy, halkymyzy gorap gara başlaryny orta goýdular. Şol ýyllar Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenlikleri üçin türkmenistanly gerçekleriň ýüzlerçesi Gahryman diýen belent ada mynasyp boldular. Garaşsyzlyk ýyllary içinde urşa giden ildeşlerimiziň hormatyna ýörite kitaplar çapdan çykyp her bir urşa gatnaşan esgeriň durmuş ýoly, gazanan üstünliklerinden habar beýän “ŞhratŞ atly kitaby okanyňda hem tükmen ýigitleriniň Beýik Watançylyk urşunda görkezen üstünliklerine aýdyň göz ýetirýäris.
Biziň ildeşlerimiz tylda hem gije-gündiz zähmet çekip, watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezdiler. Olaryň köpüsi ýaşuly nesliň wekilleri, gelin-gyzlar we entek kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjeklerdi. Şol döwürler Türkmenistanda 50-den gowrak kärhana gurulyp, 70-den köpüräk görnüşli önümler öndürilip başlapdyr. Şol wagtlar ýaşlaryň müňlerçesi harby zawodlarda işläpdirler. Tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň baş şygary “Ähli zat front üçin, ähli zat ýeňiş üçin” diýen ähli halk şygary bolupdyr. Şol şygara eýerip gulluk edip, bugdaýyň iň soňky dünesine çenli ak pagtanyň iň soňky üpdügine çenli ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrypdyrlar.
Beýik Watançylyk ury döwründe mukaddes ojaklaryny saklan enelerimiz, gelin-gyzlarymyz Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7 tonna 392 kg-ny, 2,5 million töweregi ýyly geçimleri tabşyryp, adamkärçiligiň, ynsanperwerligiň beýik nusgasyny görkezipdirler.
Hormatly adamlar! Gazanylan bu Beýik Ýeňşe urşa gatnaşan edermek ata-babalarymyzyň goşan goşantlarynyň mysalynda-da, tylda zähmet çeken weteranlarymyzyň görkezen beýik, entek görülip-eşidilmedik adamkärçilik nusgalaryna biziň her birimiz guwanmaga we buýsanmaga haklydyrys. Şonuň üçin Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu baýram parahatçylygyň, ynsanoerwerligiň we ylalaşygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyzyň kalbynda aýratyn orun eýeleýän Ýeňiş baýramy hakyky Watansöýüjiligiň şanly baýramy hökmünde giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylykda watançylyk urşunda wepat bolan milli Gahrymanlarymyzyň, uruş weteranlarymyzyň, uruşyň yzynda galan ýalňyz enelerimiziň, tylda zähmet çeken zähmet weteranlarymyzyň mertebesi belentden tutulýar.
Her ýyl Aşgabat şäherinde we welaýatlarda uruşda wepat bolan esgerleriň hatyrasyna gurulan baky ot ýadygärliklerine ildeşlerimiziň millionlarçasy gelip, olary ýatlap, hormatlap, gül desselerini goýýarlar. Uruş weteranlarymyza her ýyl Hormatly Prezidentimiz tarapyndan şa sowgatlary gowşurylýar. Ynha bu ýyl 2024-nji “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Beýik Ýeňşiň 79 ýyllyk toýy toýlanýar. Gaýdowsylygyň, mertligiň, watansöýerligiň beýik mekdebini döreden gahrymanlarymyzyň ömri bakydyr. Çünki Gahrymanlar biç wagt ölmeýärler, olar halkyň ýüreginde müdimi ýaşaýarlar.
Hormatly Watandaşlar! Hormatly uruş weteranlary! Uruş döwründe zähmet çeken zähmet weteranlarymyz! Men Sizi ýene bir gezek 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 79 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw edýärin.
Goý ata Watanymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda uly-uly ösüşler ýar bolsun.
Goý asmanymyz asuda, ýurdumyz parahat, şu günimiz eşretli, geljegimiz hem şuglaly bolsun. Goý parahatçylygyň, asudalygyň ilçisi bolan ýaşyl tugumyz elmydama belentden belent parlap dursun!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri Bagtyýar Derkarow