Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Ähli toýdyr baýramlar ýurt möçberinde giň gerimde bellenilip geçilýär. Ine bu günler bolsa, Ata Watanymyzda baş baýramymyz bolan Garaşsyzlyk baýramy uly şatlyk şowhun bilen bellenilýär. Agzybir hem zähmetsöýer halkymyz bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 31 ýyllyk baýramyny beýik işler, ajaýyp üstünlikler bilen garşylaýar. Halkymyz indi 31 ýyl bäri özüniň bu beýik bagtyna buýsanyp, ynamly öňe barýar. 31 ýyl bäri bir supranyň başyna jem bolup, özüniň baş baýramyny - Garaşsyzlyk toýuny toýlaýar. Çünki Garaşsyz Watanymyzyň häzirki döwürde dünýäde parahatçylyk dörediji döwlet hem-de dünýä jemgyýetçiligi bilen açyklyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň giňemegine badalga berýän ýurt hökmünde ady älem içre ýaýylýar. Mukaddes Garaşsyzlygy alanymyzdan soň, syýasatda, ykdysadyýetde we medeniýetde beýik ösüşler gazanyldy. Türkmenistan dünýä ýüzünde özüni parahat, asuda hem tiz gülläp ösýän döwletdigini subut etse, ykdysadyýetde önümleriň gaýtadan işlemegiň, önüm öndürmegiň hasabyna uly üstünliklere ýetdi. Milli medeniýetimiz baýlaşdyrylyp, halkymyzyň ruhy we medeni derejesi ýokarlandy.
Ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwri – abadan, asuda durmuşyň, erkana, bolelin ýaşaýşyň, döredijilikli we hyjuwly zähmetiň döwrüdir, abraý-mertebämiziň, şan-şöhratymyzyň jahana ýaň salýan zamanasydyr. Taryh üçin örän gysga döwrüň içinde ýurdumyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Şonuň netijesinde biziň döwletimiz bilen hyzmatdaşlyk edýän, ony geljekde has giňeltmäge isleg bildirýän ýurtlaryň sany barha artýar.
Berkarar döwletde raýatlarymyz döwletimiziň, hökümetimiziň, Hormatly milli Liderimiziň özleri hakda edýän aladalaryny bütin aňlary-kalplary, gündelik durmuşlary bilen diňe bir duýup däl, eýsem, şol aladalaryň netijesinde durmuşa geçirilýän özgertmelere bütin durklary bilen uýup hem buýsanyp ýaşaýarlar.
Agzybir türkmen halkyny Garaşsyzlyk bilen galkyndyryp, Bitaraplyk bilen baky bagta ýetiren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gülbahar Baýrammämmedowa, TAP-nyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň esasy hünärmeni