Ýakynda, Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda dowam edýän gyş möwsüminde raýatlaryň ýangyn howpsyzlygynyň kadalaryny, ýol hereketleriniň düzgünlerini doly berjaý etmek barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler Ýol herketiniň howpsuzlygyna gözegçilik gullugynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri tarapyndan wagyz-nesihat işleri guralýar. Ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy kanun tarapyndan administratiw we beýleki ýuridik-hukuk jogapkärçiliginiň degişli çäreleriniň kesgitlenendigi dogrusynda düşündiriş işleriniň yzygider geçirýärilýändigini nygtadylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şäherdir obalarynda ulaglaryň sanynyň barha artmagy örän guwandyrýar. Şol bir wagtyň özünde-de bu ýagdaý ýol hereketiniň düzgünleriniň ýokary derejede, sazlaşykly guralmagyny hem talap edýär diýip bellediler. Tebigy gazy rejeli hem-de howpsuz peýdalanmak, raýatlaryň ömrüni we saglygyny goramak, gazyň sarp edilişini tygşytlamak we takyk ölçemek maksady bilen gaz ölçeýji enjamlar gurnalýandygyny, howpsuzlyk kadalaryna gabat gelmeýän, senetçilik usulynda ýasalan gaz enjamlaryny ulanmak gadagandygyny, gazyň örän howply bolup durýandygyny asla unutmak bolmaz, şonuň üçin hem gaz ulanylanda örän seresap bolmalydygyny gazdan peýdalanmagyň howpsuzlyk düzgünleriniň sähelçe bozulan ýagdaýynda ýangynlara we ýanýan gazdan emele gelen zäherli galyndylar bilen zäherlenmek ýaly hadysalara eltip biler diýip bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda asuda, parahat durmuşda ýaşamagymyz üçin gije-gndiz alada edip, ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Seradarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni: Gurbangül Baýramkulyýewa.