Men mirashanalarda ýargyjagy köp gezek görenem bolsam, ony el degirmendir öýdüp üns bermeýän ekenim. Ýargyjak bilen degirmen belli bir derejede biri-birine meňzeşräm bolsa ýerine ýetirýän işi biri-birine meňzemeýär.
Degirmen bugdaýy, jöweni, daryny üwäp un edýän bolsa, ýargyjak şalynyň daşynyň gabygyny ardýar. Ýagny şalyny gaýtadan işläp tüwi edýär.
Bir gezegem mirashanada degirmene meňzedilip, ortasy deşilen, biri-birine gabşyrylan iki sany dörtburç daşy görüp, onuň nämeligini bilmän durkam, mirashana işgäri “Ýargyjak” diyip düşündiriş berdi. Şundan görnüşi ýaly, ýargyjaklar diňe bir degirmen daşyndan däl, eýsem bişen kerpiçden hem ýasalypdyr.
Bilýän adamlardan sorap öwrenip otursam, degirmenler dişelip-dişelip ýukalansoň, bugdaýy üwemäge ejizlik edýän ekeni. Onsoň ony ýargyjak ornuna ulanypdyrla. Ýargyjak edilen degirmenleriň dişelişi hem başga hili bolupdyr.
Ýargyjak sözüniň gelip çykyşy hem ýarmak işliginden bolsa gerek. Bu adyň şol sözden gelip çykandygyny şeýle-de aňmak kyn däl.
Ýaşuly adamlaryň aýtmagyna görä ýargyjaklar geçen asyryň ortalarynda hem ulanypdyrlar. Un üweýän kämil tehnologiýalaryň ýüze çykmagy bilen, elde işledilýän degirmenleriň aradan aýrylyşy ýaly, şalyny gaýtadan işleýän tehnologiýalaryň döremegi bilen ýargyjaklary ulanmaga zerurlyk hem aradan aýrylypdyr.
Maýsa Öwezowa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni