Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadygymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz günsaýyn ösýär, özgerýär. Peder ýoluny mynayp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda barha rowaç alýan ‘’Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy’’ ýylynda ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara, zähmet ýeňişlerine beslenýär.
Türkmenistan gadymy we baý ekarançylyk medeniýetiniň ýurdudyr. Oba hojalygyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi bu ugurda üstünlikleri gazanmaga eltýär. Türkmen halkymyz gadymyýetden bäri merdanalyga, tutanýerlilige, zähmetsöýerlige ýugrulan zähmet ýeňişlerini görkezip gelýär. Muňa ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň, gallaçy daýhanlarynyň, hasyl ussatlarynyň gazanýan ýokary netijeleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki günlerde Dänew etrabymyz boýunça kadaly gögeriş beren meýdanlarda ýaşajyk maýsalara ideg çäreleri guramaçylykly alnyp barylýar. Daýhanlarymyzyň bu ugurda ýeterlik iş tejribesi bar. Olar bugdaýlara ideg etmekde zerur agrotehniki çäreleriň abyny-tabyny örän oňat bilýärler. Etrap boýunça gallaçylykda baý iş tejribe toplan, ussat daýhanlar sanardan kän. Şolardan Dänew etrabynyň Watan daýhan birleşiginiň Jepbar Beşimowyň ýolbaşçylygyndaky 4-nji toparyň kärendeçileri, ussat gallaçy-daýhanlary Atanyýaz Rozynyýazowy, Aziza Çölliýewany mysal getirmek bolar. Özleri üçin zähmet çekmäne, öz halal zähmeti bilen baýamaga, ajaýyp durmuşda ýaşamaga ähli şertleri döredip bereni üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza daýhan birleşigiň kärendeçileriniň minnetdarlyklarynyň çägi ýok.
Häzirki wagtda ekarançylyk ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirilip, ekilen bugdaý maýsalary oňat boý alýarlar. Daýhan birleşigiň bugdaý meýdanlary ýaşyl öwsüp, ajaýyp görnüşi emele getirýär. Iýmiti berlen, ösüş suwlary tutulan ýaşyl maýsaly atyzlar gallaçy-kärendeçileriň yhlasly zähmetinden habar berýär. Köp ýyllaryň iş tejribesinden mälim bolşy ýaly, güýzde kök ulgamy berkleşen bugdaý maýsalary gowy gyşlaýarlar.
Öz halkyna şeýle eşretli zamany peşgeş berip, bolelin durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň buhgalteri Merjen Abdullaýewa