Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ýaşuly sarpasy

Oguz han atamyzdan öz gözbaşyny alýan ýaşuly nesle hormat goýmak, ýaşkiçileri apalamak, söýmek türkmen halkyny millet derejesine çykaran ýörelgedir.

Ýaşuly neslini sylaýan, hormat goýýan halk bagtlydyr, altyndan tagtlydyr hem-de agzybirligiň gözbaşydyr diýip bize pederlerimiz wesýet edipdir.

Sebäbi ýaşuly nesil öz ýaşaýan döwründe durmuş mekdebinde taplanyp ýagşy bilen ýamany, ak bilen garany bizden has gowy saýgarýarlar we adalatly çözgüt çykarýarlar. Öňki döwürlerem her öýüň ýaşulysy obanyňýaşulysyny diňläp, şoňa uýup, bütin obanyň agzybir ýaşamagyny gazanypdyrlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ýol – ýörelgäni Arkadagly Serdarymyz üstünlikli durmuşa geçirip ýaşuly nesle uly hormat goýýar.

Gahryman Arkadagymyz ata Watanymyzda ýaşuly nesle hormat goýmakda bize durmuş mekdebine öwrüldi. Arkadagymyzyň öz käbesine, öz kyblasyna, ata-babalaryna uly sarpa goýmagy, aýatdan öten pederlerini türsegine galdyrmagy, olar hakda öz kitaplarynda buýsanç bilen ýatlap geçmegi, Ogulabat ejäniň öz elleri bilen dokan alajalaryny täze dogulan taýçanaga, bedew atlarymyza dakmagy – bu ýörelgäni Arkadagly Serdarymyzyň hem üstünlikli dowam etdirmägi nesillerimiz üçin nusa alarlyk ýol – ýörelgedir, mekdepdir.

Haçanda ýaşuly nesil hakda söhbet edilende, olara bolan söýgiň, sylag – hormatyň aýrtýar we kalbyňda ruhybelentlik höküm sürýär. Işden ýadap gelenem bolsaň ak sakally ýaşulylar, kümüş saçly enelerimiz bilen söhbetdeş bolanymyzda hargynlygymyz ýadymyzdan çykyp, durmuşda öň bilmedik, eşitmedik zatlarymyza aýdyň göz ýetirýäris.

Dabaraly maslahatlarda şahyrlarymyzyň ene hakynda, ýaşuly nesil hakynda ýazan goşgularyny diňlänimizde biz şygyryň içki dünýäsine aralaşyp aýatda gezip ýören pederlerimize guwanýas, aýatdan ötenlerini hem ýatlap, olaryň nurana keşplerini bir salym bolsada gözöňümize getirýäris. Şeýle tolgundyryjy ýagdaýlara biz pederlerimiz hakda goşgy aýdylanda-da, sahna eserlerine, kinolara tomaşa edenimizde-de ýygy-ýygydan duş bolýarys.

Men hem şu kiçi göwrümlije makalany ýazanymda şeýle ýagdaýa düşüp, öz ýürek tolgunmalarymy ak kagyza geçirdim:

Nirde sen.

Irden Agarany süzüp oturan,

Ýagşyny-ýamany bilip oturan,

Her sözünde garal düzüp oturan

Mähiriň öýjügi käbäm nirde sen?

 

Ýadyma düşende çagalyk wagtym

Eneli-ataly-hany şol bagtym?

Goşa çynar ýaly ezizlem, tagtym

Kyblam atam, käbäm enem nirde sen?

 

Çaý başynda pikir edip oturýan

Hyýalymda sizi köňle getirýän

Şonda size arzuwlarmy ýetirýän

Meni dünýä beren käbäm nirde sen?

 

Mazarňyza baryp, başymy goýýan,

Gürleşýän, sözleşýän men size uýýan

Ýetim galanymy men şonda duýýan

Pederlerim, mähribanlam nirde siz.

 

Peder ýoluň dowam edýän arkam bar

Gelejege ýalkym saçýan ertäm bar

Ata0baba müdimilik sarpam bar

Sarpalanýan pederlerim nirde siz!

 

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýaşuly neslimize uly hormat goýulyp, olar elmydama ähli dabaralarymyzyň öňüni çekýärler, ähli toý-baýramlarymyzyň törüni bezeýärler.

Her ýylyň 1-nji oktýabry ýurdumyzda Ýaşulylaryň halkara güni uly  toý-baýrama beslenip geçilýär.

Şeýle çäreleriň biride TAP-nyň Lebap welaýat komiteti, Saýat etrap komiteti we Saýat etrap häkimligi bilen bilelikde gurnamaklarynda Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde ýaşuly nesliň wekilleri, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, Agrar partiýasynyň işjeň agzalary täsirli çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ýaşuly nesli üçin edýän yzygiderli aladalary üçin köp-köp alkyşlar aýdylar. Çykyşlarda ýaşuly nesliň türkmen jemgyýetiniň agzybirligini berkitmekde, halkymyzy zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmakda, ýaş we dürli ýaşdaky raýatlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde Watançylyk, ýaşulylyk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirip alyp barýan asylly işleri üçin köp sagbolsunlar aýdyldy we olara uzak ýaş, berk jan saglyk arzuw edildi. Aýdym-saza beslenip geçirlen dabaraly maslahatda Agrar partiýasynyň adyndan ýaşuly nesliň wekillerine ýadygärlik sowgatlary uly buýsanç bilen gowşuryldy.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler boýunça bölüm müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Bagtyýar Derkarow