Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ýaşulylar – toýumyzyň, törümiziň bezegi.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Lebap welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda Lebap welaýat kitaphanasynyň  mejlisler zalynda Ýaşulylaryň halkara gününe bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata ak sakgally ýaşulylar, kümüş saçly eneler, Agrar partiýanyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, talyp ýaşlar, medeniýet, saglygy goraýyş işgärleri işjeň gatnaşdylar.

Çykyş edenler ata-baba ýol-ýörelgämize eýerip Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýaşuly nesle goýan hormaty, olara döredilip berilýän giň şertler, olara dakylýan hormatly atlar, orden-medallar barada täsirli çykyşlar etdiler. Çykyş edenler BMG-sy tarapyndan badalga berilen Ýaşulylaryň halkara güni biziň ata Watanymyzda hem her ýylyň 1-nji oktýabrynda ýurt derejesinde geçirilýändigini, şol gün ýaşuly nesle uly toý-baýram toýlanyp Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylýandygyny belläp geçdiler. Çykyş edenler ýaşuly nesliň wekilleriniň il-ýurt bähbitli işleriň ählisinde, toý-baýramlarda öň hatarda bolup ýaşlara görelde mekdebine öwrülendikleri üçin, her ädimde berýän maslahatlary, ündewleri üçin ýaşuly nesliň wekillerine öz sagbolsunlaryny aýtdylar we baýramçylyklary bilen çyn ýürekden gutladylar.  Maslahatyň soňunda maslahata gatnaşan ýaşuly nesliň wekillerine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary uly ruhybelentlik bilen gowşuryldy.

 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Bagtyýar Derkarow