Köneürgenç etrabynyň oba hojalykçylary geljek ýylda bereketli türkmen topragyndan bol hasyl öndürmek ugrynda şu günlerden giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler. Ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak, ýaz ekişinde ulanyljak tehnikalary, olaryň tirkeg gurallaryny möwsüme taýýarlamak işlerini gyzgalaňly alnyp barýarlar. Häzirki wagtda tehniki hyzmat ediş kärhananyň işçi hünärmenleri ýaz ekişinde ulanyljak gurallary birkemsiz abatlamak işlerini dowam etdirýärler. Kepşirleýji, ýonyjy, abatlaýjy ussalar her bir guralyň talabalaýyk bejerilmegi, möwsümde saz işledilmegi ugrynda yhlasly zähmet çekýärler. Göreldeli ussalardan Sapargeldi Togalakow, Gafur Abdullaýew, Bäşbaý Janmedow, Toýlymät Şmedow dagylary görkezmek bolar. Tehniki hyzmat ediş kärhananyň jogapkär işgärleri her bir guralyň talabalaýyk bolmagyna berk gözegçilik edip, öziniň degerli maslahatlaryny berýär. Şonuň netijesinde möwsüme gatnaşjak ekijileriň 82, boranalaryň 824, malalaryň 92, hatarara bejergileriň 189, derman pürkijileriň 67 sanysy birkemsiz abatlanýar. Şeýle hem ýaz ekişine gatnaşjak tehkiki hyzmat ediş kärhanasyny degişli dürli kysymly tehnikalaryň ýüzlerçesine zerur tehniki hyzmatlar görkezilýär. Ýazky ekiş möwsümine ähli taraplaýyn taýarlyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagy ekişi bellenen wagtda geçirilmegine mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň Gülhumar HOJAHMETOWA