Suwsuz ýerlerde gawunyň esasanam garpyzyň ýandaga sapylyp ýetişdirilýänini eşitsemem sapylan bakja ekinleriniň ösüp oturanyny göremakdym. Bir gezegem ýolagçy ulagynda barýarkam iki sany adamyň özara gürrüňini diňlemek miýesser etdi. Şonda olaryň biri ýoldaşyna:
Garpyzyň ýandaga sapylýan döwri bolmadymyka? Menem şu ýyl ýandaga garpyz sapyp görsem diýýän diýip sorag berdi.
Olaryň gürrüňi meniň ünsümi çekdi. Olaryň biri garpyzy ýandaga sapyp ýetişdirmekden gowy baş çykarýan ekeni. Soň men bu gadymy daýhançylyk usuly bilen gyzyklanyp soradym.
Garpyzy, gawuny ýandaga sapmak gaty bir çylşyrymly däl ekeni. Bu usuly bir gören adam ikinji gezek soraman, bada-bat öwrenişýär. Onuň üçin diňe sapylýan döwrini bilmeli eken.
Ýandagyň köki ýeriň aşagyna juda uly çuňluklara gidýänligi üçin ol ýyl gurak gelen ýyllarda hem beýleki käbir ösümlikler ýaly suwdan kösenmeýär. Ýeriň aşagyndan alýan yzgary bilen gowy ösýär. Tejribeli adamlar ýandagyň şu ýagdaýyndan peýdalanýan ekenler.
Ýandagy garpyza sapmak işi aprel aýynda ýagny, ýandak ösüp dört barmak uzynlyga ýeten wagty geçirilýär. Ilki bilen sapyljak garpyz tohumyny ýyly suwda ezip, şine urdurmaly. Ýandagy çykan ýerinden kesmelide gabygyny dilip, ýaňky şine urdurylan garpyz çigidiniň uç tarapyny aşak edip sokmaly. Eger dilinen ýeri açyk durjak bolsa daşyny gowşagyrak edip sramaly. Soňam güne gurap gitmez ýaly üstüni ýumşak toprak bilen ýukarak edip gömmeli. Şeýle usulda sapylan garpyz çigitleriniň köpüsi gögerýär. Ýandagyň köpýyllyk köki näçe ýogyn bolsa, sapylan garpyz çigitleriniň tutujylygy şonçada köp bolar.
Ýandaga sapyp bakja ekinlerini sapyp garpyz ýetişdirmek suwuň barmaýan ýerinde mallaryň örleýän ýerinden uzagrakda, ýandagyň ösýän ýerinde edilýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni Gurbangül Baýramkulyýewa.