Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrinde türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri, edim-gylymlary döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Ençeme ýyllaryň, asyrlaryň geçendigine garamazdan türkmen halky öziniň medeniýetini, maddy we ruhy gymmatlyklaryny saklap galmagy başaran halkdyr. Türkmeniň köňül buýsanjy uçar ganaty hasaplanýan behişdi bedewleriň taryhyna ser salsaň onuň aslynda asman giňişligi ýaly giň we çuň hakydanyň ýatandygyny, merdana milletimiziň şan-şöhrata, abraý-mertebä eýe bolmagynda türkmen bedewleriniň ornynyň ulydygyny görmek bolýar. Türkmen halkynyň taryhynyň ähli döwürlerinde asyllylygy, ýyndamlygy, gözelligi, eýesine wepalylygy üçin, owadan we syratly ganatly bedewlere uly sarpa goýlupdyr. Türkmen edebiýatynda hem bedew atlara berilýän orun diýseň ulydyr. Ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde goşgylarynda türkmen bedewiniň waspy öz beýanyny tapýar.Şeýle hem ata-babalarymyzdan biziň günlerimize çenli dilden-dile geçip türkmen bedewleri barada müňlerçe nakyllar, atalar sözleri halk döredijiligi bolup aýdylyp gelinýär.
Geçmişde türkmen halky öz durmuşyny bedew atsyz göz öňine getirmändir. Her bir türkmeniň howlusynda at bolupdyr.Bedew münmek türkmeniň gerçeklik edebiniň dessurydyr. Bu dessur türkmen maşgalasynda atadan ogla, agadan inä miras bolup geçýär. Öňki wagtlardan bäri türkmen bedewleri halk dabaralarynyň ählisinde, toýlarda, ogul perzendiniň dogulmagy mynasybetli geçirilýän dabaralarda, sünnet toýlarynda möhüm orny eýeläpdir. Bular ýaly dabaralarda at çapyşygy, at üstindäki oýunlary geçirilipdir. Uly wakalaryň we baýramçylyklaryň ählisi 250-metrden 1000- metre çenli aralyga at çapmak ýaly ýaryşlar bilen başlanypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrinde türkmen bedewleriň şan- şöhraty has-da arşa galýar. Bu günki gün hem behişdi bedewlerimiz toýdyr-baýramlarymyzyň bezegine öwrülýär. 2017-nji ýylda ýurdymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany höküminde ahalteke bedewiniň kellesiniň şekili kabul edildi. Şeýle hem V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek günine 500 güniň galmagy bilen atly ýörişe badalga berlip, 17 atly ýurdymyzyň bäş welaýatynyň çäklerinde Türkmen tugyny, Olimpiýa alawyny we Aziýada baýdagyny alyp ýöriş geçirildi. Bu bolsa bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda giň ýol aşdy.
Türkmen bedewiniň keşbi halyçynyň çitiminde, nakgaşyň owadan reňklerinde, heýkeltaraşyň nepis sungaty bilen has-da kämilleşýär. Ýurdymyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilerde bedewlerimize bagyşlanan sungat
eserleriniň nepisligi aýratyn tapawutlanýar. Bedewleriň sarpasy näçe beýgeldigiçe olaryň tarypy-da artýar. Halyçylar, suratkeşler, heýkeltaraşlar
eserleri täze usullar bilen baýlaşdyrýar. Bularyň ajaýyp şekili janlandyran surat eserleri dünýä muzeýlerinde saklanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdymyzda atçylyk sporty hem ösdürilýär. Ýurdymyzyň ähli welaýatlarynda atçylyk sport toplumlary gurlyp ulanmaga berilýär. Döwrebap sport toplumlarynda atşynaslyga, seýisçilige, çapyksuwarlyga höwesjeň ýaşlar tälim alýarlar we dürli maşklary ýerine ýetirýärler. Bu ýerde türkmen ýigitleri atlaryň üstinde dürli oýunlary çalasynlyk bilen ýerine ýetirmek arkaly öz tomaşaçylaryny haýrana goýýarlar.
Öziniň gözelligi, ýyndamlygy bilen görenleri haýrana goýýan ýelden ýüwrük bedewlerimiziň şanyna Garaşsyz diýarymyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde dabaraly toýlar tutulýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda toýlanjak bedew baýramy bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tutyş türkmen halkyny mähirli gutlaýaryn.
Pursatdan peýdalanyp Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun il ýurt ähmiýetli döwlet bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. Toýlarymyz-toýlara ulaşsyn.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň S. Türkmenbaşy etrap komitetiniň buhgalteri Saparow Döwletgeldi Amangeldiýewiç