Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Türkmenistanyň Agrar partiýasy

Ýer almalar kadaly boý alýar.

Hormatly Prezidentimiziň gök önümleriň öndürilişini artdyrmak baradaky talabyndan ugur alýan S.Türkmenbaşy etrabyň gök ekrançylary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda 32 gektar meýdanda ýeralma ösdürip ýetişdirýärler. Etrabyň gök ekrançylary ýeralma, sogan, kelem ýaly gök ekinleri ösdürip ýetişdirmekde baý daýhançylyk tejiribesine eýedigi bilen tapawutlanýar.

“Ýalkym” daýhan birleşigi etrapda gök ekrançylyk boýunça iri hojalyklaryň biri. Daýhan birleşikde her ýyl gök ekinleriň bereketli hasyly kemala getirilýär. Şu ýyl hem daýhan birleşik boýunça kärendeçileriň 14 sanysy, 14 gektar meýdanda ýeralma ekdi.

Daýhan birleşikde ýeralmanyň esasan irki görnüşi ekildi. Ýazyň ir çykmagy ýeralama ekişini irki möhletde geçirmäge mümkinçilik berdi. Ýeralma ekilen ýerleriň ählisinde kadaly gögeriş aldy.

Şu günler daýhan birleşigiň gök ekrançylary ýeralmalaryň idegini gowşamaýan depginde alyp barýarlar. Ýeralma ekilen ýerleriň ählisinde hem irki ýeralmalaryň boý alyşy gowy. Aýratyn hem 1,0 gektar meýdana ýeralma eken Altyýew Bäşçan 1,0 gektar meýdana ýeralma eken Taýlyýewa Güljemal 1,0 gektar meýdana ýeralma eken Tananbaýew Alibek, 4,4 gektar meýdana ýeralma eken Öräýewa Göwher, 2,4 gektar meýdana ýeralma eken Gurbanmedow Baýram, kärende ýerlerinde ösýän ýeralmalar bereketli hasyla ynam döredýär.

Daýhan birleşikde ýeralma bilen bir hatarda irki soganyň, irki kelemiň, ideg işleri hem gyzgalaňly dowam edýär.

Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza kärendeçileriniň hoşallygy çäksizdir.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň S. Türkmenbaşy etrap komitetiniň esasy hünärmeni Ýagmyrow Wepa Berdiýewiç