Suw ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanylýar. Munuň şeýle diýilmegi ýöne ýerden däldir. Çünki, suwuň ýok ýerinde ýaşaýyş hem ýok. Türkmen halkymyz hem suwa uly sarpa goýýan halkdyr. Suw ýedi hazynanyň biri hasaplanylýar. Ata-babalarymyz suwuň her bir damjasyny altyna deňäp: “Suw damjasy-altyn dänesi” diýipdirler. Şeýle diýmek bilen olar suwuň adam ýaşaýşy üçin ähmiýetiniň ýokarydygyna göz ýetiripdirler. Halkymyzyň arasynda suw bilen bagly “suw hasylyň enesidir”, “Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp – il”, “Suwly ýer gül, suwsuz ýer çöl”, “Ýer – hazyna, suw – göwher” ýaly nakyllardyr atalar sözleri hem ulanylýar.
Häzirki döwürde suw bilen bagly meseleler bütin dünýäde işjeň ýagdaýda öňe çykýar. Ilatyň köpelmegi, oba hojalygyna we senagata bolan islegiň artmagy we howanyň üýtgemeginiň täsirleriniň güýçlenmegi sebäpli wajyplygyna galýar we şeýle meseleleriň çözülmekligi üçin uly aladalar edilýär. Her ýylyň 22-nji martynda Bütindünýä suw serişdeleriniň gününiň bellenilmegi hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Bütindünýä suw serişdeleriniň güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1993-nji ýylda yglan edildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary bilen döwletler bu gün suw baýlyklaryny gorap saklamaga we ösdürmäge bagyşlanan çäreleri, konferensiýalary, tegelek stollary, seminarlary we sergileri geçirmäge çagyrylýar. Şeýle halkara gününiň yglan edilmeginiň düýp maksady suw ýetmezçiliginiň öňüni almak we süýji suw çeşmeleriniň ähmiýetini görkezmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň suw hojalyk toplumynda bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaga, pudagyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm wezipeleri öňe sürdi. Olaryň hatarynda oba hojalyk önümçiliginde ýurdumyzyň tebigy-howa şertlerini, suwy netijeli peýdalanmagyň häzirki zaman tehnologiýalaryny nazara almak bilen, oba hojalyk önümçiligine ekerançylyk meýdanlaryny suwarmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, ýerleriň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak ýaly ugurlar bar.
Durmuşa geçiririlýän giň möçberli özgertmeleriniň çäklerinde suw hojalygynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine möhüm ugur degişlidir. Bu möhüm pudagyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Ähli welaýatlarda täze gidrotehniki desgalar yzygiderli gurulýar. Suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi obasenagat toplumynyň netijeli ösüşini, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagyna kömek edýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany ýylynda döwlet derejesinde uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolup, beýik maksatly tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Serdar Suwhanow
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Balkan welaýat komitetiniň
Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň
müdiri