Şöhratjan Hemrakulyýew indi ençeme ýyllardan bäri daýhançylyk bilen meşgullanyp, halypalardan tälim alyp özi hem kärendeçileriň arasynda özüni halypa kärendeçi höküminde tanadan daýhanlaryň
biri. Ol orta mekdebi tamamlap, daýhançylyk kärine Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň S.A.Nyýazow daýhan birleşiginde başlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Durmuşda daýhanam, çopanam beýleki kärlerde zähmet çekýän ildeşlerimiz ýaly ylymly-bilimli bolmaly” diýen wesýetinden ugur alyp, Şöhratjan Hemrakulyýew Türkmenabat şäherinde ýörite-orta hünär okuw mekdebinde okap, ykdysadyýetçi-hasapçy hünärini ele alýar. Hasap-hesipden başy çykyp, bu käri ele almagy Şöhratjana daýhançylyk bilen meşgullananda ähli işleri ölçerläp görmäge, ýere edilýän çykdajylary, hojalyga girjek girdejileri has gowy saýhallamaga öz ýardamyny ýetirýär. Ýaş, başarjaň kärendeçi ýigit Gahryman Arkadagymyzyň ýerleri uzakmöhletleýin kärendesine bermek, daýhanlara isledigiçe kada-kanun esasynda ýer böleklerini bermek syýasatyndan ugur alyp zähmet çekýän daýhan birleşiginden 50 gektardan gowurak ýeri kärendesine alýar. Kakasynyň ýolbaşçylyk edýän otçylyga ýöriteleşdirilen toparda ýaşlykdan süňňi bekän Şöhratjan kärendesine alan ýerinde ilki sürüm, soň tekizleýiş işlerini geçirýär, mineral dökünler we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini agrotehnikanyň talapmlaryna laýyk berjaý edip ene ýeriň gurplanmagy üçin talaba laýyk işleri durmuşa geçirýär. Şöhratjan özüne berkidilen kärende ýeriniň 42 gektaryna bugdaý, 8 gektaryna gowaça ekip idegini ýetirip, ýokary hasyl alyp başlaýar. Indi ençeme ýyllardan bäri ussat kärendeçiniň bugdaý meýdanlaram, gowaça meýdanlary hem bugdaýyň, pagtanyň bol hasylyny eçilip, döwlet borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirip gelýär.
Biz haçan-da Şöhratjan Hemrakulyýew bilen söhbetdeş bolup “Ýerden bol hasyl almagyň syry nämede?” diýip sowal bilen ýüzlenenimizde kärendeçi ýylgyryp, ol bize ilki bilen daýhan bolsaň ýeriň diline düşünip, ýer bilen söhbetdeş bolmagy, ýeriň ajaýyp sesini, owazyny janyň-teniň bilen eşitmegi, syzmagy başarmaly. Ine şonda sen ýeriň niresi tekiz, niresi bitekizräk, niresine suw çykjak, niresine çyp biljekdäl, ýere näçe dökün bermeli, haçan suwa ýakmaly... guraz ýeriň taryna kakyp, yhlas bilen zähmet çekip ýerden bol hasyl almagyň tärlerini ele alýan diýip buýsanç bilen belläp geçdi. Mundan başga-da bize bu işde Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň şertleri bize uly goltgy berýär diýip olara öz hoşallygyny bildirdi.
“Daýhanyň bar aladasy – ýerden hasyl ýetişdirmek. Ata-babalarymyz “Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz” diýip ýöne ýere aýdan däldirler. Gowy netije gazanjak bolsaň ekiniň tohumynada baglydyr” diýip daýhana ýene sowal bilen ýüzlendim. Ol şonda özümem aýtjak bolup otyrdym, tohum hakda ata-babalarymyz “Tohum alda ýere bar”, “Näme ekseň şony hem orarsyň” ýaly ekiniň ekin bolup, bol hasyl bermeginde tohumyň uly ornanyň bardygyny atalar sözlerinde-de aýdyňlaşdyrypdyrlar. Ynha bize her ýylyň-ýylyna Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Russiýa Federasiýasyndan ýokary hasyl berýän bugdaý tohumlaryny satyn alyp berýär. Ine men şu ýyl hem bugdaýyň “Alikseiç” tohumyny ekip, gowy gögeriş aldym. Seredip görüň, bu günki gün bugdaýlar başa durdy, bugdaý başlarynda-da hasyllylyk ýokary diýip uzalyp gidýän uzyn maýsalyk bugdaý meýdanyna nazar aýlady. Dogrudan hem Şöhratjanyň ýetişdirip oturan bugdaý meýdany uçar menziline gidýän uly ýoluň gyrasynda ýerleşen soň ýoluň gyrasyndan geçýän ötegçiler, ýolagçylar başa duran bugdaý meýdanyny synlap, ruhy lezzet alýarlar. Şöhratjanyň “Ekiniň tohumyny ýerlikli saýlap, ýere agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirseň ýerem öz jomartlygyny eçilýär” diýen sözlerine ussat kärendeçiniň bugdaý meýdanyna göz aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirip bolýar.
Her ýylky gazanýan ýokary netijeleri Şöhratjanyň ekine ideg etmäge oýlanyşykly çemeleşýändiginden, onuň toprak bilen bagry badaşandygyndan habar berýär.
Daýhan birleşiginde agza bolup giren gününden bäri onuň pagtadan, bugdaýdan şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirmedik ýyly ýok. Isle ol bugdaý eksin ýa-da gowaça eksin, haýsy ekini ekse-de tapawudy ýok, her gezek onuň tereziden geçiren hasyly şertnamada görkezilenden ep-esli ýokary bolýar. Mysallara ýüzlenenimizde geçen ýyl ol kärende ýerinden bugdaýyň 30 gektaryndan ýerden 148 tonna, gowaça ýeriniň 15 gektaryndan ýerden 73 tonna hasyly döwlet harmanyna tabşyryp, ýokary netije gazandy.
Şöhratjan soňky ýyllarda ýüpek gurçugyny idetmeklige-de ünsi güýçlendirip, geçen ýyl 170 gram ýüpek gurçugyny idedip, 500 kg geçirip, pile döwlet harmanyna tabşyrdy. Ine üstümizdäki ýylda hem 200 gram ýüpek gurçugyny idedip, ýokary hasyl tabşyrmagyň aladasyny edip, maşgala agzalary bilen döredijilikli zähmet çekýärler.
Şöhratjan şu ýyl gowaça ekişini hem agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ekip, gowy gögeriş aldy. Şu günler gowaça meýdanynyň 8 gektarynda hem gowaçalar dört gulpak bolup, hataryny dogurlap ýerden saýlanyp başlapdyr.
Ene ýerden bereket tapan agzybir maşgala şu günki gün 42 gektar ýerde bugdaýyň ýokary hasylyny kemala getirse, 8 gektar ýere gowaça ekip, gowy gögeriş alypdyr, öýünde bolsa 200 gram ýüpek gurçugy idedilýär.
Bir zada ünsüňizi çeksem, Şöhratjanyň daýhançylygynda kemala getirip ýören bugdaý meýdanynda-da, gowaça ýerinde-de etmeli işler ýeterlik, ýöne Şöhratjan nädip 200 gram ýüpek gurçugyny idetmäge wagt tapýarka diýen sowalyň ýüze çykjagy taryhy hakykat.
Oňa bu işlerde maşgalasy Hemrakulyýewa Rana, ogullary Hemrakulyýew Merdan, Hemrakulyýew Serdar, gelinleri Hemrakulyýewa Şerapat, Hemrakulyýewa Gunça ýakyndan ýardam berýärler.
Ine el eli ýuwar, iki el bileleşip ýüzi ýuwar diýlişi ýaly agzybirlikde çekilen zähmet öz netijesini berip, Şöhratjan her ýyl bugdaýdanam, pagtadanam, ýüpek gurçugyndanam, şalydanam ýokary netije gazanyp, döwlet borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirip gelýär. Bu işde oňa ata-babalarymyzyň “Ertir ir tur, alty peşigi artyk ur” diýen atalar sözi we Gahryman Arkadagymyzyň “Ýoly ýörän ýeňer” diýen buýsançly wesýeti ruhy güýç berýär.
- Hudaýa şükür etmeli. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalygyny ösdürmek, pudaga ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, pagtanyň, bugdaýyň, şalynyň, piläniň döwlet satyn alyş nyrhlary yzygiderli ýokarlandyrmagy we tehnikalar bilen üpjün etmek, tohum, suw, dökün üpjünçiligi, bize uly ýardam berýär. Bu bolsa biziň öýlerimize bereket nuruny çaýýar. Bize diňe agzybir zähmet çekäýmek galýar diýip, ol sözüni jemledi.
Şöhratjan häzirki wagtda ak ekinlere ideg etmek, gögeriş alnan gowaça meýdanlarda agrotehniki çäreleri geçirmek, ýüpek gurçugyny idetmek işlerini maşgala agzalary bilen utgaşykly alyp barýar we Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna we Hasyl toýuna zähmet ýeňişleri bilen barmagy öz öňünde maksat edinýär.
“Işleseň il tanar” diýileni, Şöhratjan Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň wagyzçylar toparynyň işjeň agzasy bolup wagyz-nesihat işlerinde işjeň gatnaşýar. Biz hem öz kärine ussat kärendeçi we zamanamyzyň wagyzçylarynyň arasynda tanalyp başlan Şöhratjan Hemrakulyýewe zähmet ýeňişlerini arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdir
Bagtyýar Derkarow