Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň kökleri müňýyllyklara uzaýan gadymy atşynaslyk däpleri dowamata atarylýar. Ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak hem-de wagyz etmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, atşynaslyk ýörelgelerini wagyz etmek, baýlaşdyrmak boýunça işler täze derejelere çykarylýar. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi, şeýle hem gelýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hereket etmegi munuň aýdyň güwäsidir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynda saparda bolýan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzda sirk sungatyny esasanam, ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýändiginiň ajaýyp netijesidir.
Türkmen halky asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip, dünýä medeniýetine goşant goşan beýik halkdyr. Şol maddy gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwünhoşy, ýowly günde baş ýoldaşy, halk zehininiň mähekdaşy, gözelligiň göwher gaşy bolan ahalteke behişdi bedewlerimizdir. Bedew – türkmeniň ykbaly, bedew – türkmeniň ykrary. Şonuň üçin türkmen halkyny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.
Ahalteke bedewini jany-teni bilen gowy görýän, oňa uly hormat goýýan Milli Liderimiziň ýiti galamyndan syzylyp çykan “Döwlet guşy” romanynda mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň hem ahalteke bedewlerine aýratyn üns berendigini görmek bolýar. Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize söýgüsini öz ata-babalaryndan alyp gaýdýandygyny görkezýär. “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapada” ýaly kitaplary öz halkyna sowgat beren Milli Liderimize il- halkymyzyň hoşallygy çäksizdir.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly pederlerimizden miras galan asylly däpler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy, şahsy göreldesi bilen dowam edýär we ösdürilýär.
Nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyz hem özleriniň eserlerinde, goşgy setirlerinde bedew atlarymyzyň tarypyny giňden ýetiripdirler.
Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň “Aty gerek” atly goşgusynda goç ýigidi bedew atsyz göz öňüne getirmeýär.
At gazanar goç ýigidiň,
Owal bedew aty gerek.
Gelene garşy çykmaga,
Ýagşy muhabbeti gerek.
Diýmek bilen, bedewlerimiziň çäksiz wepasyny gören ynsandygyna göz ýetirmek bolar.
Magrupy şahyr özüniň “Ýigide gaýratdyr bedew” diýen goşgusynda “Hanlar saňa ýüz müň tümen berselerem, sen ony satyp bilmersiň” diýip, ussatlyk bilen taryp edýär.
Kakdyryp nalyn kümüşden,
Iýmiti dürli iýmişden,
Ýüwrüşi artykdyr guşdan,
Bahar öwsen batdyr bedew.
Atyň owadanlygy, uz ýöreýşi, edim-gylymy gelin-gyzlara mahsus bolan häsiýetler bilen deňelýär. Muňa mysal edip, Annagylyç Mätäjiniň “Bedew” şygyryndan:
Pelläge barsaň, meger gyzdan gylykly duruşyň,
Ýörhä-ýör bolsa ýene, towşan kimindir turuşyň.
-diýen setirleri mysal getirmek bolýar.
Bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz diýarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen medeni gymmatlyklaryny, şol sanda halk döredijiligini we milli däp-dessurlarymyzy öwrenmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän milli Lidermize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Tuwakow Mirhan
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Aşgabat şäher komitetiniň başlygy