Arkadagly Gahryman Serdarymyz Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze eseriniň çapdan çykmagy bolsa “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň şanyna şan goşup, her birimiziň kalbymyzy egsilmez joşguna besledi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, şäher we etrap komitetleriniň işgärleri şu günler edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, raýatlaryň arasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň tanyşdyrlyş dabaralary, duşuşyklary, söhbetdeşlikleri geçirilýär.
Ynha şeýle dabaraly çäränniň biri-de Saýat etrabynyň Sakar äşehr medeniýet öýünde geçirildi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat, Saýat etrap komitetleriniň jogapkär işgärleri, işjeň agzalary, bilim we saglyk ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Dabaraly çärede çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu kitabyň ýazylmagyna dünýä belli arheologlar, taryhçylar we olaryň nesilleri bilen bilelikde işleşmek bagty miýesser eden Gahryman Arkadagymyzyň beren gürrüňleri uly ýardam berdi. Olar ýurdumyzda ylmy gözlegleri, arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirip, köp sanly wajyp tapyndylary ýüze çykardylar we dünýä derejeli möhüm açyşlary etdiler. Bu giň gerimli işlere Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýä tanadan Rafael Pampelli, şeýle hem Wadim Masson, Wiktor Sarianidi we beýleki tanymal alymlar mynasyp goşantlaryny goşdular. Hormatly Prezidentimiz kitabynda: “Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň” diýip belleýär. Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekýändigini aýtdylar.
«Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby “Gadymy Änewiň täsinligi”, “Taryhy birleşdirýän uly wakalar”, “Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar” atly baplardan hem-de “Rowaýata öwrülen geçmiş”, “Gatar — Bagabat — Änew”, “Gadymy Änew medeniýeti”, “Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan”, “Änew medeniýeti we türki dünýä”, “Geçmişiň syry galan toprak”, “Watan hakyndaky müdimi owaz” atly bölümlerden ybarat bolan bu kitabyň çuňňur mazmunly taryhy maglumatlaryň üsti bilen türkmen halkynyň şanly geçmişi dabaralandyrylýandygyny belläp geçdiler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamyndan çykan “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyny halkymyza sowgat bermegi bagtyýar halkymyz üçin çuňňur buýsanjyň gözbaşy bolup, biziň ählimizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň esasy hünärmeni Jeren Kulyýewa