Berkarar döwletimiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman, Alym Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Alym Prezidentimiziň alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli ynsanperwer syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni uly üstünliklere, toý-baýramlara beslenýär. Agzybir hem zähmetsöýer halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşip, ýurdumyzda giňden bellenilýän 12-nji iýun – Ylymlar gününiň baýramyny hem uly ruhubelentlikde garşylaýar.
Eziz Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklaryna, önümçilige ornaşdyrmak, jemgyýetimiziň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin netijeli peýdalanmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistan döwletimiziň tehniki-ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, halkymyzyň maddy-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna hem-de medeni derejesiniň has-da ösmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzda ylmy ösdürmek üçin ylmy barlaglaryň gerimi giňeldilýär, ylmy edaralaryň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryndan ugur alnyp pugtalandyrylýar, ylmyň täze ugurlary boýunça alymlary taýýarlamak, dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze tehnikalaryň we tehnologiýalaryň taslamalaryny taýýarlamaga alymlaryň işjeň gatnaşmaklygyny gazanmak, ylmy-barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak işlerine uly üns berilýär. Ýurdumyzda ylym halk hojalygynyň, bilim, medeniýet we saglygy goraýyş we beýleki ulgamlaryň zerur meselelerini çözmäge gönükdirilýär. Diýarymyzy innowasiýa ýoly bilen ösdürmek we önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Alym Arkadagymyzyň „Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary“, „Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy“, „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“, „Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy“, „Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna“ atly ylmy işleri degişli pudaklary we Türkmenistanyň ykdysady ösüşini belent derejelere ýetirmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Ýurdumyzda innowasiýa tehnologiýalaryny agrosenagat toplumyna ornaşdyrmak, ekologiýa we tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak, energetika, ýangyç serişdeleri we olary tygşytlamak, himiýa tehnologiýalary we bäsleşige ukyply täze önümleri öndürmek, gurluşyk, binagärlik we seýsmologiýa, lukmançylyk we derman serişdeleri, maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary, ykdysadyýet we gumanitar ylymlar babatda ylmy barlaglary geçirmek we alnan netijeleri degişli pudaklara, önümçilige ornaşdyrmak ýaly ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda we tutuş sebitde ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, biologik köpdürliligi we tebigy ýerleri gorap saklamak, çölleşmä hem-de topragyň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmek babatda geljegi möhüm ähmiýetli iri taslamalar amala aşyrylýar.
Bilişimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen merkezi Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýada ekologiýa howpsuzlygynyň ygtybarly binýadyny döretmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Sebit ähmiýetli bu iri maýa goýum taslamasy Aralyň ýaramaz täsirini aradan aýyrmaga, ýerleriň şorlaşmagynyň we gurakçylygyň öňüni almaga, suwarymly ýerleriň ýagdaýynyň düýpgöter gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge mümkinçilik berýär.
Türkmen halky ähli döwürlerde hem suwy tygşytly ulanyp, ekerançylygyň, daýhançylygyň ençeme ýüzýyllyklaryň synagyndan geçen ajaýyp hem asylly däplerini kämilleşdiripdir. Gadymy Köpetdagyň eteklerinde, Garagum sährasynda, türkmen topragynyň çar künjünde Jeýtun, Änew, Marguş ýaly medeni ojaklar emele gelipdir.
Adamzat ýaşaýşynyň yzygiderli ösüşlere eýe bolmagy netijesinde ekologiýa, daşky gurşaw we oňa aýawly garamak bilen baglanyşykly garaýyşlar ösüpdir, özgeripdir hem-de baýlaşypdyr. Ata-babalarymyz baryp gadymy döwürlerden bäri özüni gurşap alan daşky dünýä düýpli akyl ýetirmek arkaly, tebigy baýlyklara aýawly garamak ýaly asylly ýörelgeleri nesilden-nesle geçirip gelipdir.
Garagum sährasyny mukaddes ojagy, öýi hasaplap gelen türkmen halky taryhyň dürli döwürlerinde müňlerçe guýular arkaly ýerasty suwlardan, şeýle hem kaklar we sardobalar arkaly ýagyş suwlaryndan peýdalanyp, düýedarçylygy, dowardarçylygy ösdüripdirler. Ondan dürli önümleri öndürip Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda ýollary arkaly dünýä bazarlaryna çykarypdyrlar.
Bu günki gün ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy-barlaglaryň netijeleri oba hojalygyny ösdürmäge, ýerden we suwdan aýawly peýdalanmaga, daşky gurşawy we ýurdumyzyň tebigy serişdelerini goramaga, ekologiýa ulgamyny sazlaşykly ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň awtomatlaşdyrylmagynyň we kompýuterleşdirilmeginiň kämilleşdirilmegi netijesinde innowasion maglumat binýady döredilýär. Bu bolsa öz gezeginde salny aragatnaşygy, elektron resminamalar dolanyşygyny ýola goýmaga hökümetiň we pudak edaralaryň sazlaşykly işini guramaga döwrebap şertleri döredýär. Milli ykdysadyýetimizde, senagatda, oba hojalygynda gurluşyk pudagynda, binagärlikde, seýsmologiýa babatda, himiýa, geologiýa, nebitgaz pudaklarynda, lukmançylyk we bilim ulgamynda, halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylymda aýgytly ösüşler, öňegidişlikler has-da rowaçlanýar. Ukyply we başarjaň ýaşlary ylma çekmek, ylmy mekdebi döretmek, türkmen ylmynyň gazananlaryny önümçilikde peýdalanmak maksady bilen, ýaşlaryň aspiranturalara, kliniki ordinaturalara kabul edilmegi hem ählitaraplaýyn taýýarlykly, tejribeli, ylmy derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň ýurdumyzda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň gülläp ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaklaryna giň mümkinçilikler döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan döwletimizde ýurdumyzda her ýylda ylmyň dürli ugurlary boýunça geçirilýän halkara maslahatlar türkmen ylmyny ösüşiň täze belent sepgitlerine ýetirmäge, türkmen we daşary ýurtly alymlaryň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we türkmen halkynyň şöhratly taryhy, medeni mirasy, şeýle hem ylmyň öňünde duran wajyp meseleleri çözmäge özboluşly itergi berýär.
Umuman, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli, döwlet ähmiýetli başlangyçlary netijesinde ähli ugurlar bilen birlikde, ylym ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar.
Tuwakow Mirhan
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň
Aşgabat şäher komitetiniň
başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi