Ýüpekçilik oba hojalyk pudagynda esasy orny eýeleýär. Çünki ýokary hilli pile dokmasenagatymyz üçin gymmatly çig mal bolup durýar. Hut şunuň bilen baglylykda ýurdymyzda ýüpekçiligi ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Her ýyly ýüpekçi kärendeçiler ýüpek gurçyklarynyň tohumlary we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjin edilýär. Şonuň netijesinde ýurdymyzyň ýüpekçi kärendeçileri her ýyly bol pile hasylyny taýýarlaýarlar, ýurdymyzyň dokma senagatynyň ösdililmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Köneürgenç etrabynyň ýüpekçileri 40 tonna pile taýýarlamak ugrynda gaýratly zähmet çekýärler. Etrap zenanlar bölüminiň işjeň agzalary zenanlarymyz häzirki wagtda ýüpek gurçyklaryny idetmekde, ýokary hilli pile taýýarlamakda has-da gaýratlylyk görkezýärler. Ýüpek gurçygyny ideg etmek az wagt dowam edýän hem bolsa ýüpekçi kärendeçilereden örän jogapkärçiligi, irginsiz zähmeti talap edýär. Ýüpek gurçyklarynyň saklanylýan jaýlaryň ýylylyk, çyglylyk ýagdaýy kadaly, arassa, tamiz bolmaly, wagtly-wagtynda arassa tut ýapraklary bilen iýmitlendirip durmaly. Ýüpek gurçyklaryny ideg etmekde ähli bildirilýän talaplar doly berjaý edilende dokma senagatymyz üçin ýokary hilli pile öndürmek mümkin. Muňa oňat düşünýän etrabymyzyň ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçygyny ideg etmek möwsümine ykjam taýýarlykly gelip, bu jogapkärli möwsümi üstünlikli dowam etdirýärler. Şu günleri ýüpek gurçyklar dördünji ukysyndan oýandy. Bu döwürden soň ýüpek gurçyklary has-da köp tut ýapraklary bilen iýmitlendirmekligi talap edýär. Ýüpekçi kärendeçiler hem ýüpek gurçyklaryny ýeterlik mukdarda tut ýapraklary bilen doly üpjin edip, wagtly wagtynda iýmitlendirýärler. Ýüpek gurçyklaryny idetmekde etrabymyzyň Akgala, Bereket, Galkynyş, Maslahat daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri aýratyn tapawutlanýarlar. Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komitetiniň işgärleri ýüpek gurçygyny idetmek möwsüminde pile kärendeçiler bilen duşuşyp, olaryň armasynyny ýetirýäris, ýüpek gurçygynyň idedilşi barada pikir alyşýarys. Etrabymyzyň ýüpekçileriniň çekýän yhlasly zähmetini synlanyňda öz öňlerinde goýan maksatlarynyň myrat tapjakdygyna bolan ynamyňy artdyrýar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni Gülhumar Hojahmetowa