Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurt baş tutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen, beýleki ulgamlar bilen bir hatarda oba senagat pudagyna hem aýratyn üns berilýär. Edermen baba daýhanlarymyza halal zähmet çekmäne bereketli toprakdan bol hasyl öndürmäge giň mümkinçilikler döredilýär.
Görogly etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda ýakynlaşyp gelýän ýaz ekiş möwsümi üçin tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak işi gyzgalaňly dowam edýär. Şu ýylyň ýazky gowaça ekiş möwsümi üçin pagta arassalaýjy kärhana boýunça 1898,1 tonnadan gowrak tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagta çenli onuň 1388 tonnasy taýýarlanylyp, şu günler taýýarlanan gowaça çigidini arassalamak işi alynyp barylýar.
Tohum ekerançylyk işinde esasy zat bolmagynda galýar. Şonuň üçinem tohumlyk çigidiň ähmiýetine düşünýän kärhananyň işgärleri bu işi ýörite hünärmenleriň gözegçiligi astynda agranomçylyk görkezmelerine laýyk alyp barýarlar. Kärhanada tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak işine bu ugurdan öňden tejribesi bolan adamlar çekilipdir.
Kärhanada tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak, arassalamak, zyýankeşlere garşy dermanlamak işinde işçi-hünärmenleriň onlarçasy zähmet çekýär. Aýratyn hem Suraý Atanepesowa, Ilmyrat Nazarow, Kerimbaý Anarbaýew ýaly işçiler bu işde aýratyn yhlaslylyk görkezýär.
Ýaz ekişi möwsüminde etrabyň pagtaçy kärendeçiler üçin tohumlyk gowaça çigidinde bökdençlikler bolmaz. Etrap boýunça ekiljek 17500 gektar gowaça meýdany üçin zerur bolan tohumlyk gowaça çigidi ätiýaçlyk mukdary göz öňünde tutmak bilen taýýarlanylýar.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni Maýsa Öwezowa